Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kalesnikawa häkimiýetleriň özüne ölüm haýbatyny atandygyny aýtdy


Mariýa Kalesnikawa
Mariýa Kalesnikawa

Belarusyň oppozisiýa lideri Mariýa Kalesnikawa, şu hepdäniň başynda häkimiýetler ony zor bilen deportasiýa etjek bolanda, olaryň kellesine halta geýdirendigini we özüne ölüm haýbatyny atandygyny aýtdy. Bu barada Belarusyň “Tut.by” atly garaşsyz habar websaýty Kalesnikawanyň aklawçysyna salgylanyp, 10-njy sentýabrda habar berdi.

Aklawçy Lýudmila Kazak Kalesnikawanyň bu waka barada arza tabşyrandygyny we häkimiýetlere, şol sanda Belarusyň KGB-sine garşy kanuny çäre görülmegini talap edendigini aýtdy.

Kalesnikawa, başga-da iki kärdeşi bilen bilelikde, 7-nji sentýabrda maskaly adamlar tarapyndan Minskiň köçelerinden alnyp gaçylypdy.

Olaryň üçüsi 8-nji sentýabrda irden serhede alnyp gidildi we bu ýerde häkimiýetler olardan Ukraina gitmegi talap etdi.

Olar Belarus bilen Ukrainanyň arasynda hiç kimiň ýok ýerine baranda, Kalesnikawa häkimiýetler ony ýurtdan çykarmaz ýaly öz pasportyny ownuk böleklere bölüp ýyrtdy. Kalesnikawa serhediň Belarus tarapynda tussag edildi we galan ikisi Ukraina gitdi.

Kalesnikawa 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawyndan soň, Lukaşenkanyň wezipesinden çekilmegini talap edýän protestleriň görnükli lideridir. Oppozisiýa saýlaw netijesiniň galplaşdyrylandygyny aýdýan mahaly, Lukaşenka muny ret edýär.

XS
SM
MD
LG