Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kalesnikawa häkimiýetleriň özüne ölüm haýbatyny atandygyny aýdýar


Mariýa Kalesnikawa
Mariýa Kalesnikawa

Belarusyň oppozisiýa lideri Mariýa Kalesnikawa suda beren arzasynda, şu hepdäniň başynda häkimiýetler ony zor bilen deportasiýa etjek bolanda, ýurduň howpsuzlyk işgärleriniň kellesine halta geýdirendigini we özüne ölüm haýbatyny atandygyny aýtdy

Kalesnikawanyň aklawçysy Lýudmila Kazak 10-njy sentýabrda beren maglumatynda oppozisiýa wekiliniň tabşyran arzasynda häkimiýetlere, şol sanda Belarusyň KGB-sine garşy kanuny çäre görülmegini talap edendigini belledi.

38 ýaşly Kalesnikawa 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawyndan soň, Lukaşenkanyň wezipesinden çekilmegini talap edýän protestleriň görnükli liderine öwrüldi. Oppozisiýa saýlaw netijesiniň galplaşdyrylandygyny aýdýan mahaly, Lukaşenka muny ret edýär.

Kalesnikawa, başga-da iki kärdeşi bilen bilelikde, 7-nji sentýabrda maskaly adamlar tarapyndan Minskiň köçelerinden alnyp gaçylypdy. Olaryň üçüsi 8-nji sentýabrda irden serhede alnyp gidildi we bu ýerde häkimiýetler olardan Ukraina gitmegi talap etdi.

Howpsuzlyk işgärleriniň Kalesnikawany deportasiýa edip bilmändigi habar berilýär. Sebäbi olar Belarus bilen Ukrainanyň arasyndaky serhetde, hiç kimiň ýok ýerine baranda, Kalesnikawa öz pasportyny ownuk böleklere bölüp ýyrtýar.

Şonda Kalesnikawa serhediň Belarus tarapynda tussag edilýär we beýleki iki adamyň – Utgaşdyryjy Geňeşiň metbugat wekili Anton Randýonkaunyň we ýerine ýetiriji sekretary Iwan Krautsouatyň – häzirki wagtda Ukrainadadygyna ynanylýar.

10-njy sentýabrda düýbi Minskde ýerleşýän “Wýasna” (Bahar) adam hukuklary merkezi Belarusda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň başga-da 12 sanysy bilen bilelikde beýanat ýaýradyp, Kalesnikawany we tussag edilen beýleki iki kärdeşini syýasy tussag diýip ykrar etdi we olaryň derrew tussaglykdan boşadylmagyny talap etdi.

"Biz M. Kalesnikawanyň, M. Znagyň we I. Saleýiň jenaýat jogapkärçiligine çekilmeginiň syýasy äheňli häsiýete eýe bolandygyna we munuň olaryň kanuny işlerini bes etmek ýa-da maksatlaryny üýtgetmek maksady bilen gurnalandygyna ynanýarys" diýlip, beýanatda aýdylýar.

"Biz Mariýa Kalesnikawany, Maksim Znagy we Ilýa Saleýi syýasy tussaglar diýip ykrar edýäris we olara garşy gozgalan jenaýat derňewleriniň ýapylmagyny hem-de olaryň derrew boşadylmagyny talap edýäris" diýlip, beýanatda nygtalýar.

Belarusyň Derňew komiteti Kalesnikawanyň, Znagyň we Saleýiň häkimiýeti ele geçirmäge çagyryş etmekde güman edilip, tussag edilendigini aýtdy.

26 ýyl bäri ýurda ýolbaşçylyk edýän we jedelli prezident saýlawynda ýeňiş gazanandygyny öňe süren Lukaşenka oppozisiýa bilen duşuşmaga ýa-da täze saýlawlary geçirmäge razy bolmakdan ýüz öwürdi.

Aklawçy Kazak Kalesnikawa ýitirim bolanyndan bäri onuň bilen ilkinji gezek 9-njy sentýabrda duşuşandygyny we onuň deslapky tussaghanada başga-da alty adam bilen bilelikde bir kamerada saklanýandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG