Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgarlar protestleriň 64-nji tapgyryny geçirip, hökümetiň gitmegini talap etdiler


Bolgar protestçisi. 10-njy sentýabr, 2020.
Bolgar protestçisi. 10-njy sentýabr, 2020.

Hökümete garşy demonstrantlar Bolgariýanyň paýtagty Sofiýanyň köçelerine dolanyp, hökümetiň we baş prokuroryň işinden aýrylmagy baradaky talaplaryny güçýlendirdiler.

Günorta-gündogar ýewropa döwletinde dörän syýasy krizisiň çuňlaşmagy bilen, 10-njy sentýabrda dolandyryjy konserwatiw GERB partiýasyna we hökümete garşy tapgyr 64-nji gün protest ýynanyşygy guraldy.

Polisiýa tarapyndan ýakyndan gözegçilik edilýän demonstrantlar Sofiýada Milli parlament binasynyň daşynda ýygnanyp, “mafiýa” diýip gygyrdylar we premýer-ministr Boýko Borisowyň hökümetiniň we baş prokuror Iwan Geşewiň işinden aýrylmagyny talap etdiler.

10-njy sentýabr ýörişi görnetin bir hadysa bolmazdan, asudalykda bolup geçdi. 2-3-nji sentýabrdaky demonstasiýa, Bolgariýanyň hökümetine we sud ulgamyna oligarhlaryň gözegçiligi diýilýäne jogap hökmünde guralan “Uly milli gozgalaňa” birnäçe müň adam goşuldy.

XS
SM
MD
LG