Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyryşy pugtalandyrylýar


Türkmenistan. Pendi etrabyndaky ýollaryň biri
Türkmenistan. Pendi etrabyndaky ýollaryň biri

Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda düzgünnama tassyklanyldy.

TDH Türkmenistanyň prezidentiniň 11-nji sentýabrda hökmany döwlet ätiýaçlandyryşy hakyndaky karara gol çekendigini habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, bu karar ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylaryny, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalaryny we demir ýol ulaglarynyň işgärlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen taýýarlandy.

Döwlet baştutanynyň kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy bilen bilelikde, ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlyk gorlaryny emele getirmegiň we harçlamagyň tertibini bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Türkmenistanda ilata ýol, ulag hadysalary, adam heläkçilikleri barada anyk we doly maglumatlar berilmeýär.

XS
SM
MD
LG