Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Içeri işler ministrligi Nawalnyny Germaniýada sorag etmek isleýär


Alekseý Nawalnyý
Alekseý Nawalnyý

Orsýetiň Içeri işler ministrligi oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnyny Berlinde sorag etmek isleýär. Nemes lukmanlary onuň nerw agenti bilen zäherlenendigini görkezýän "ikuçsyz subutnamalaryň" bardygyny aýdýarlar. Bu rus lukmanlarynyň onuň bedeninden hiç bir zäher alamaty tapylmady diýen görkezmesine ters gelýär.

Ministrligiň transport polisiýa müdirliginiň Sibirdäki bölümi 11-nji sentýabrda, Nawalnynyň şu hepdäniň başynda medisina huşsuzlygyndan çykmagy bilen, nemes häkimiýetlerinden öz derňewçileriniň 44 ýaşyndaky kreml tankytçyny sorag etmegine rugsat sorajakdygyny aýtdy.

German hökümetiniň metbugat sekretary Berliniň entek bu mesele boýunça Moskwadan resmi haýyşyny almandygyny aýtdy. Korrupsiýa garşy kampaniýa alyp baran Nawalnyý awgust aýynyň aýagynda Sibiriň Tomsk şäherinden Moskwa gelýän uçarda keselledi we uçar Omsk şäherine gyssagly gondurylandan soň keselhana ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG