Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskde aýallaryň protest ýörişine gatnaşyjylar tussag edildi


Belarus protetçileri. Minsk, 12-nji sentýabr, 2020
Belarus protetçileri. Minsk, 12-nji sentýabr, 2020

Minskde aýal-gyzlaryň Belarusda geçirilen prezident saýlawlarynda ses berişligiň galplaşdyrylmagyna garşy we ozal tussag edilen aktiwistleri goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşan onlarça adam tussag edildi.

Çärä gatnaşyjylar şäher merkezindäki Erkinlik meýdanyna ýygnandylar. Olaryň käbiri ellerinde polisiýanyň zorlugynyň pidasy bolanlaryň suratlaryny saklap durdy.

Olar ýerli wagt bilen öýlän sagat 3 töweregi sütünler düzülip, el çarpmaga başladylar. Polisiýa bu çärä ygtyýar berilmändigini duýdurdy. Bu aksiýa başlanandan kän wagt geçmänkä tussag etmeler başlandy. Aýallar tussag edilen aktiwistleriň awtoulaglara alnyp barylýan ýoluny beklemäge synanyşdylar.

Bu aksiýa başlanandan 20 minut soň Erkinlik meýdançasynda ýekeje-de protestçi galmady. Şeýle-de bolsa, tiz wagtdan bu ýerde täze aýallar sütüni peýda boldy. Demonstrasiýa gatnaşyjylar Nemiga tarap ýöriş etdiler. Olaryň köpüsiniň elinde pitiler we saçlar bardy.

Gözi bilen görenler “Belsat” teleýaýlymynyň žurnalistleriniň tussag edilendigini habar berdiler. Olar wakanyň bolýan ýerinden göni telemaglumat taýýarlaýardylar.

Şu gün birinji we iň ýokary liga, şeýle-de ýurduň ýygyndy komandasyna degişli bolan belarus futbolçylarynyň 93 sanysynyň demonstrantlara garşy zorlugy ýazgarýan wideo ýazga düşendigi mälim boldy.

XS
SM
MD
LG