Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Konçalowskiniň “Eý, ýoldaş” eseri Wenesiýada emin baýragyna mynasyp boldy


Andreý Konçalowskiý. Arhiw suraty
Andreý Konçalowskiý. Arhiw suraty

Rus kinorežissýory Andreý Konçalowskiniň Hruşew döwründäki sütemler we 1962-nji ýyldaky gyrgynçylyk barada gürrüň berýän eseri 77-nji Wenesiýa halkara film festiwalynda ýörite emin baýragyna mynasyp boldy.

83 ýaşly kinorežissýor özüniň “Eziz ýoldaş” atlandyran ak-gara filminde uruşdan soňky sowet adamlarynyň "tämizligini" "erteki" beýanaty görnüşinde açyp görkezýär we olaryň köpüsiniň şol bir wagtyň özünde “hem gowy, hem erbet" bolandygyny adýar.

Konçalowskiniň aýaly, Nowoçerkassk sebitinde doglan Ýuliýa Wysotskaýanyň baş rolda oýnaýan filminde Nikita Hruşew döwründe, ýarym asyrdan gowrak öň Nowoçerkasskde bolan waka, iş taşlanda öldürilen 26 işçi barada gürrüň berilýär.

Sowet Soýuzynyň ýokary derejeli resmilerini "adamzat üçin nämedir peýdaly bir zat döredýändiklerine" ynanýan adam hökmünde häsiýetlendirilen Wysotskaýa kommunistik partiýa bilen öz gyzyna bolan wepalylygynyň arasynda janserek bolan gaýduwsyz kommunistiň we uruş weteranynyň roluny oýnaýar.

Käbirleri bu eseriň Wenesiýada baş baýraga mynasyp boljagyny çaklady.

Ýöne “Altyn arslan” baýragy ABŞ-da ýaşaýan hytaý kinorežissýory Kloe Žaonyň (Chloe Zhao) “Nomadland” filmine berildi. Onuň eserinde kyn şertlerdäki Newada dag magdan şäherçesinden gaçyp gutulyp, awtoulagynda ýaşap, ýolda wagtlaýyn işlerde işlän dul aýal hakynda gürrüň berilýär.

XS
SM
MD
LG