Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

IIM: Hatlonyň ýaşaýjysy öz dört çagasyny bogup öldürdi


Hatlon welaýatynyň Kuşoniýon raýony.
Hatlon welaýatynyň Kuşoniýon raýony.

Täjigistanyň Hatlon welaýatyndaky Kuşoniýon raýonynyň Oholtun obasyndaky Oriýon mähellesinden bolan 30 ýaşly aýal özüniň kiçi ýaşly dört çagasyny bogup öldürdi. Bu heläkçilikli ýagdaý 9-njy sentýabryň günortanynda ýüze çykypdyr.

Ýüze çykan hadysa barada Täjigistanyň Içeri işler ministrligi 11-nji sentýabrda resmi maglumat ýaýratdy. «2020-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda sagat 13:00 töwerekleri Kuşoniýon raýonynyň 30 ýaşyndaky ýaşaýjysy öz öýünde 9, 8, 6 hem 1 ýaşly dört çagasynyň ellerini hem aýaklaryny baglapdyr-da, olaryň kellesine sellofan geýdiripdir» diýip, resmi maglumatda habar berilýär.

Aýal tussag astyna alnypdyr. Onuň garşysyna Täjigistan Respublikasynyň Jenaýat kodeksiniň 104-nji maddasynyň 2-nji bölümi boýunça jenaýat işi açylypdyr.

Kanun goraýjy ýerli organdan bir çeşme – Nazokathon Toirowa diýip, ol aýalyň adyny hem aýdýar. Ýerli çeşmäniň sözüne görä, heläkçilik ýüze çykmazdan iki gün öň ol doganynyň öýüne gelipdir. Mälim bolşuna görä, Nazokathonyň adamsy gurluşykda işleýän eken. Heläkçilik ýüze çykan güni ol öýünde däl eken. Kiçi ýaşly dört çagasyny öldürenden soň, ol ýüzugra içeri işler bölümine barypdyr.

Aýaly beýle aýylganç herekete nämäniň mejbur edendigi belli däl. Şeýle hem onuň ýerli prokuraturada deslapky sorag wagtynda bu eden işi barada näme diýeni hem nämälim.

Şeýle agyr jenaýat eden wagtynda Nazokathon Toirowanyň güýçli depressiýa ýagdaýynda bolmagynyň mümkindigini psihologlar aradan aýyrmaýarlar. Başgarak bir sebäbiň hem bolmagy mümkin. Täjik psihology Mahmudşo Kabirowyň aýtmagyna görä, ol aýalyň psihiki keselden ejir çekýän bolmagy mümkin. “Ene öz çagasy üçin, janyny bermäge taýýar. Beýle hereketi diňe agyr ruhy keselli adam edip biler” diýip, psiholog düşündirýär.

Beýleki bir tarapdan, Kabirowyň sözüne görä, aýal maşgaladaky içki garşylyklar sebäpli ýa-da başga bir durmuş bulaşyklygy üçin şeýle herekete ýüz urup biler.

Ýöne Nazokathon Toirowany tanaýan ýerli ýaşaýjylar onuň maşgalasynda dawa-jenjeliň bolmandygyny, mundan daşary-da onuň doly kadadaky sagdyn aýaldygyny aýdýarlar.

Oholtun obasynyň ýolbaşçysy Islomuddin Abdulloýew şol hadysa ýüze çykmazdan bir sagat öň Nazokathon bilen duşuşandygyny aýdýar. “Biz öz aramyzda salamlaşdyk, bar zat kadalydy. Meniň bilşime görä, olaryň maşgalasynda dawa-jenjel bolmandy. Onuň adamsy elinden dür dökülýän ussa. Olar bu işden daşary-da, gowaça ekip, pagta ýygýarlar” diýip, Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Hatlon welaýatynyň psihiatrigik merkeziniň müdiri Rahmonali Uzakow özi bilen sülçiniň gepleşendigini, N. Toirowanyň psihdispanserde hasapda durmaýandygyny mälim etdi.

Mundan öň Raşt raýonynyň 30 ýaşly ýaşaýjysy özüniň 3, 6, hem 9 ýaşly üç çagasyny derýa atyp öldürensoň, öz janyna kast etdi.

2016-njy ýylda bolsa Nurek şäheriniň 25 ýaşly ýaşaýjysy Zuhro Mahmurodowa dört çagasy bilen özüni Wahş derýasyna oklady. Olaryň hiç birini halas edip bolmady. Ondan bir ýyl öň Wahş raýonyndan bir ýaş ene üç çagasyny derýa atandan soň, özüni-de derýa taşlap, janyna kast etmek isledi. Aýaly halas etdiler, üç çaga bolsa heläk bolupdy.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG