Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ mejbury zähmet aladalary arasynda Hytaýyň uýgur sebitinden gelýän önümleriň importyny togtatdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

Birleşen Ştatlar Hytaýyň Şinjiang sebitinde mejbury adam zähmetiniň ulanylmagy bilen öndürilmekde güman edilýän önümleriň, şol sanda pagtanyň, egin-eşikleriň, kompýuter enjamlarynyň we saç serişdeleriniň importyny gadagan edýän karary kabul etdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň (Mike Pompeo) sözlerine görä, bu Birleşen Ştatlaryň Gümrük we Serhet gorag gullugyna mejbury zähmet ýa-da tussaglaryň zähmeti bilen öndürilen önümleriň ABŞ-a girmeginiň öňüni almak maksady bilen, olary ele geçirmegine ygtyýar berýär.

Bu karar esasan hem Hytaýyň Şinjiang sebitindäki uýgur musulmanlaryna we beýleki azlyklara çemeleşilmegine gönükdirilendir.

Pompeo bu kararyň dünýäniň “Hytaýyň Şinjiangdaky uýgurlar we beýleki musulman azlyklaryň agzalary babatyndaky, şol sanda gürrüňi gidýän şahsyýetleriň mejbury zähmete iteklenmegi, olaryň nirede we haýsy şertlerde işlemegini kesgitlemek azatlyklaryndan mahrum edilmegi ýaly adam hukuk bozmalaryndan sowa geçmejekdigini görkezýändigini” belledi.

Hytaý Şinjiangda 1 milliona golaý uýgury we beýleki, esasan hem, musulman etniki azlyklaryň wekillerini mejbury konsentrasiýa lagerlerine ýerleşdirmekde 2017-nji ýyldan bäri ýazgarylýar.

Hytaý täzeden terbiýeleýiş lagerleriniň terrorizme we ekstremizme garşy göreşmek üçin niýetlenendigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG