Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny Berlindäki keselhanadan suratyny çap etdi


Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny maşgalasy bilen Berliniň Şarite keselhanasynda. 15-nji sentýabr, 2020 ý.
Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny maşgalasy bilen Berliniň Şarite keselhanasynda. 15-nji sentýabr, 2020 ý.

Rus oppozisiýa wekili Alekseý Nawalny özbaşdak dem alyp bilýändigini we “umuman alanyňda” özüni gowy duýýandygyny aýtdy. Ol german keselhanasynda nerw agentiniň zäherlenmegi bilen baglylykdaky bejergisini dowam etdirýär.

“Men häzir kän zady başarmaýaryn, emma düýn men özbaşdak dem alyp bildim” diýip, Nawalny 15-nji sentýabrda Instagram hasabynda ýazgy galdyrdy.

Nawalny 20-nji sentýabrda Russiýada içerki howa uçuşy mahaly özüni birdenkä erbet duýdy. Mundan birnäçe gün soň, Nawalny aýalynyň haýyşy esasynda Germaniýa ewakuasiýa edildi.

German ekspertleri korrupsiýa garşy göreşiji we Kremliň ýiti tankytçysy Nawalnynyň sowet usulyndaky “Nowiçok” toparynyň harby nerw agenti bilen zäherlenendigini aýtdylar.

Halkara jemgyýetçiligi Russiýa bu ýagdaýy seljermegi boýunça çagyryş edýär.

XS
SM
MD
LG