Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly žurnalist “milli howpsuzlyk” aýyplamalary bilen ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi


Tähranyň "Ewin" türmesi. Arhiwden alnan surat
Tähranyň "Ewin" türmesi. Arhiwden alnan surat

Media azatlygyna gözegçilik edýän guramalar eýranly garaşsyz žurnalist Khosro Sadeghi Borojeniniň türme tussaglygyna höküm edilmegini ýazgardy we ýurduň häkimiýetlerini metbugat agzalaryny eden-etdilikli tussag etmegi bes etmäge çagyrdy.

Ştatdan daşary žurnalist Borojeni ýedi ýyllyk türme tussaglygyna başlamak üçin 9-njy sentýabrda Tähranyň “Ewin” türmesine äkidildi. Oňa "Yslam respublikasynyň esaslandyryjysyny kemsitmekde", "hökümete garşy propagandada" we "milli hem-de halkara howpsuzlygyna garşy duşuşmakda we dildüwşük etmekde" aýyplama bildirildi diýip, düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” (RSF) guramasynyň 15-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) Borojeniniň “düşnüksiz ‘milli howpsuzlyk’ we ‘kemsitmek’ aýyplamalary bilen tussag edilmegi Eýran häkimiýetleriniň metbugaty äsgermezliginiň başga bir mysaly” diýdi.

Fewral aýynda Borojeni rewolýusiýa kazyýeti tarapyndan sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ýöne iýun aýyndaky şikaýat arzasynyň netijesinde bu türme möhleti ýedi ýyla çenli kemeldildi.

Borojeni Tähran garaşsyz žurnalistler birleşiginiň agzasydyr.

Onuň soňky gezek iýun aýynda täzelenen şahsy websaýtynda Eýranda bolup geçýän häzirki wakalar, şol sanda ykdysady we syýasy temalar barada teswirler ýerleşdirildi diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň 14-nji sentýabrda çap eden maglumatynda bellenilýär.

XS
SM
MD
LG