Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da Russiýadaky we Merkezi Aziýadaky din azatlygynyň 'howsalaly ýagdaýy' maslahatlaşylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy komissiýasy (USCIRF) 16-njy sentýabrda Russiýada we Merkezi Aziýada "din azatlygynyň howsalaly ýagdaýy" barada wirtual diňlenişik geçirýär.

Russiýa we Merkezi Aziýanyň dürli ýurtlary 1990-njy ýyllaryň aýagynda bäri, öňki sowet praktikasyna esaslanýan repressiw din kanunlaryny kabul edip, din azatlygyny basgylap gelýärler diýip, düýbi Waşingtonda ýerleşýän komissiýa aýtdy.

USCIRF sebitdäki resmileriň “dini däplere berk gözegçilik edýändigini we onuň dessurlaryny düzgünleşdirýändigini, şol sanda dini ybadatlaryň berjaý edilýän ýerlerinde wideokameralary oturdýandygyny, dini jemgyýetiň agzalary barada jikme-jik resmi maglumat bazasyny düzýändigini” aýdýar.

Garaşsyz, iki partiýaly Halkara din azatlygy boýunça komissiýa ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan global dini azatlyklar barada maslahat bermek üçin döredildi.

Aprel aýynda ýaýradan ýyllyk hasabatynda komissiýa ABŞ-nyň Döwlet departamentine Özbegistany dini azatlygy bozmakda “ýamanyň ýamany” diýilýän ýurtlaryň sanawyndan aýyrmagy, şol bir wagtyň özünde Russiýany bu sanawa goşmagy ýene bir gezek teklip etdi.

XS
SM
MD
LG