Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Pentagon kagyzlaryny” syzdyryjy Assanjyň ekstradisiýa diňlenişiginde ony gorap, çykyş etdi


Wýetnam urşy döwrüniň duýduryjysy Daniel Ellsberg
Wýetnam urşy döwrüniň duýduryjysy Daniel Ellsberg

1971-nji ýylda “Pentagon kagyzlaryny” syzdyran adam 16-njy sentýabrda WikiLeaksiň esaslandyryjysy Julian Assanjyň Londonda bolan ekstradisiýa diňlenişiginde onuň goragynda şaýatlyk etdi. Ol Assanjyň hereketleriniň, edil öz hereketleri ýaly, halkyň bähbidinedigini aýtdy.

Wýetnam urşy döwründe “Pentagon kagyzlary” diýlip tanalýan dokumentleri syzdyran 89 ýaşly Daniel Ellsberg Assanjyň 2010 we 2011-nji ýyllarda aýan eden maglumatlarynyň ABŞ-nyň Yrakdaky we Owganystandaky hereketleri barada amerikanlaryň nädip azaşdyrylandygyny görkezendigini aýtdy.

49 ýaşly Assanj özüniň Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmegini togtatmak üçin göreşýär. Ol ABŞ-da hökümet kompýuterlerini döwmek üçin dildüwşükde hem-de içalyçylyk kanunlaryny bozmakda aýyplanýar.

WikiLeaks tarapyndan ýaýradylan maglumatlar ýaly, “Pentagon kagyzlarynyň” syzdyrylmagy hem gizlin maglumatlary paş etdi we harby liderleriň uruş hakda bilýän zatlary bilen olaryň jemgyýetçilige aç-açan aýan edýän zatlarynyň arasyndaky tapawut halky geň galdyrypdy.

Elsberg kazyýete Assanjda we özünde ABŞ-da karar kabul edýän toparlarda “aç-açanlygyň ýokdugyny” açyp görkezmek ýaly şol bir islegiň bardygyny aýtdy.

Ol amerikan halkynyň adyndan edilýän yzygiderli işleri amerikan halkynyň bilmelidigini we “muny olaryň ygtyýar edilmedik maglumat aýan edişliginden öwrenmekden başga ýollarynyň ýokdugyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG