Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň demirgazygynda guş dümewi tassyklandy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligi Merkezi Aziýa döwletiniň demirgazyk sebitinde, Orsýet bilen araçäkleşilýän ýerlerde guş dümewiniň ýüze çykarylandygyny aýtdy.

Ministrlik 17-nji sentýabrda çap eden beýanatynda Demirgazyk Gazagystan sebitiniň ýedi etrabynda, 9-16-njy sentýabr aralygynda guslar köpçülikleýin gyrlandan soň, 10 obanyň we şäheriň karantin astyna alnandygyny, guş dümewi boýunça geçirilen synaglaryň netijeleriniň pozitiw, ýagny oňyn bolandygyny aýtdy.

Halkara düzgünlerine laýyklykda, Gazagystan Bütindünýä haýwanlary goramak we Bütindünýä haýwan saglygy guramasyna bu wirus barada habar berdi diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle hem ministrlik guş dümewiniň ýaýramagynyň öňüni almak, ýagny ölen guşlary ýakmak we guş fermalaryny we olara ýakyn ýerleri dezinfeksiýa etmek üçin zerur bolan çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Ministrlik Kostanaý we Pawlodar sebitleriniň töwereginde, şeýle hem paýtagt Nur-Soltany gurşap alan Akmola sebitiniň käbir etraplarynda guşlara sanjym etmek kararyna geldi.

XS
SM
MD
LG