Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde koronawirus näsaglarynyň resmi sany 30 milliondan geçýär


Hans Klýuge yklymda bir aýyň dowamynda görlen keselçilik hadysalarynyň sanynyň "hemmeler üçin oýanmaga çagyryş bolmalydygyny" aýtdy. 
Hans Klýuge yklymda bir aýyň dowamynda görlen keselçilik hadysalarynyň sanynyň "hemmeler üçin oýanmaga çagyryş bolmalydygyny" aýtdy. 

17-nji sentýabrda dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 30 milliondan geçdi. Bu gamgyn habar Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) koronawirusyň Ýewropadaky ýaýrawynyň "gorkunç derejesi" barada duýduryş beren wagtyna gabat geldi.

Jon Hopkins uniwersiteti tarapyndan hasaby ýöredilýän global ýokanç keselliler sanawy, köp adamyň synagdan geçirilmändigi, beýlekileriň simptomsyz näsag bolmagy sebäpli, ähli koronawirus hadysasyny öz içine almaýar we doly keselçilik ýagdaýyny görkezip bilmeýär.

Koronawirusdan ölenleriň hasaba alnan sany 942,989 adama ýetdi, emma bu san pandemiýanyň pidalarynyň ählisini doly görnüşinde öz içine almaýar.

BSG-nyň Ýewropa boýunça sebit direktory Hans Klýuge 17-nji sentýabrda yklymda bir aýyň dowamynda görlen keselçilik hadysalarynyň sanynyň "hemmeler üçin oýanmaga çagyryş bolmalydygyny" aýtdy.

BSG-nyň Ýewropa bölümine agza 53 döwlete 5 milliona golaý Covid-19 näsagy we 227,000-den gowrak ölüm hasaba alyndy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 6,664 021 näsag we 197,447 ölüm görkezijileri bar, Hindistanda 5,118,253 adama wirus ýokuşdy, 83,198 adam öldi, Braziliýada 4,419 083 adam näsaglady we 134,106 adam öldi.

Ýakyn Gündogarda 1,750,232 adam wirus ýokuşdy, 41,254 adam öldi, Afrikada 1,381.036 näsag we 33,324 ölüm hasaba alyndy.

Pandemiýa bütin dünýäde ýaýransoň, esasy üns näsaglary hassahanalara ýerleşdirmäge we ölüm hadysalaryna gönükdirildi. Ýöne wirusyň pidalara gutulanlaryndan köp wagt soňam täsir edip biljekdigi barada alada edilýär.

XS
SM
MD
LG