Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň kömek programmasy Murgaby gyrmançadan arassalamaga kömek edýär


Murgap derýasynyň golaýyndaky taşlanan bent
Murgap derýasynyň golaýyndaky taşlanan bent

USAID, ABŞ-nyň halkara ösüş agentliginiň “Smart Waters” programmasy Türkmenistanda zerur tehnikalary satyn almak üçin serişde goýberip, suw joşmalaryndan zyýan çekýän daýhanlara kömek goluny uzadýar.

USAID-iň saýtynda 18-nji sentýabrda çap edilen makalada aýdylmagyna görä, geçen ýylyň dekabrynda Murgap derýasynyň düýbüne çöken gyrmançalary arassalamakda zerur bolan zemsnarýad gämisini satyn almak üçin 170 müň ABŞ dollary goýberildi.

"Suw joşanda, sil gelende ekerançylyk ýerlerimizi goramak üçin gaçy gurmaly bolýarys" diýip, Mary sebitiniň Saryýazy obasynda ýaşaýan 35 ýaşly daýhan Maksat Ataýew USAID billen söhbetdeşlikde aýdýar.

Maksat Türkmenistana Owganystanyň üstünden akyp gelýän Murgap derýasynyň boýunda, öz ata-baba topragynda bugdaý, gowaça ekýär, mal saklaýar, miweli baglary ösdürip ýetişdirýär diýip, makalada aýdylýar.

Emma soňky onýyllykda müňlerçe türkmen daýhany, ýerden eklenç etmek kyn bolansoň, daşary ýurtlara göçmeli boldy.

Azatlygyň yzygiderli habar berşi ýaly, Türkmenistandaky suw howdanlary, derýalar we kanallar, ara ýaplary indi tas otuz ýyl bäri derekli arassalanmaýar we bu ýagdaý suw ýollaryny gyrmança basmagyna, olaryň ýalpaklaşmagyna, netijede suwuň gerek ýerine barýança köp ýitirilmegine hem-de ýerleriň köp şorladylmagyna alyp gelýär.

Mundan başga, Murgap derýasy ýaly derýalary, Garagum kanalyny gyrmança basmagy, ýaz aýlarynda ýagyş-ýagmyr ýagyp, garlar eräp, suw joşmalary emele gelende, daýhanlaryň ýerlerini, ekinlerini suw basmagyna sebäp bolýar.

Suw desgalarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy gerek wagtynda suw ýetmezçiligine hem sebäp bolýar we oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň ýyl-ýyldan azalmagyna alyp gelýär.

Ýerli synçylar, şol sanda ozalky ekolog Farid Tuhbatullin, ozalky suw gurluşyk inženeri Nurmuhammet Hanamow dagy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde türkmen hökümetiniň ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, daýhanlaryň garyp düşmeginiň öňüni almak üçin, ozaly suw desgalaryny abatlamaga kömek etmelidigini aýtdylar.

Olaryň pikiriçe, ykdysady manysy gümürtik gurluşyk taslamalaryna goýberilen milliardlarça dollar serişdäniň bir bölegi suw desgalarynyň idegine gönükdirilen bolsa, häzirki agyr ýagdaý emele gelmezdi.

Emma muňa garamazdan, türkmen hökümeti barha çuňlaşýan oba hojalyk problemalaryny açyk we doly boýun alman, ýolbaşçy kadrlary ýygy-ýygydan çalşyrmak we uly özüş sanlaryny çap etmek bilen meşgullanýar.

Şeýle-de, hökümet her ýyldaky ekiş we hasyl möwsümlerine gabat daşary ýurtlardan gymmat bahaly oba hojalyk maşynlarynyň satyn alynýandygyny, daýhanlaryň ýokary hilli tohum, dökün bilen üpjün edilýändigini tekrarlaýar.

Ýöne daýhanlar Azatlyk bilen söhbetdeşlikde dökün, suw, tehnika ýetmezliginiň hemişe uly mesele bolup galýandygyny, ekin ekýän adamlaryň köplenç bergili ýa gazançsyz çykýandygyny habar berýärler.

Türkmenistanyň Garlykda guran dag-magdan kombinaty 2017-nji ýylda işe girizildi, emma hökümet bu kärhananyň doly kuwwatynda işlemeýändigini we Hytaýa hem-de Hindistana kaliý dökünlerini eksport etmek planynyň hyýal bolandygyny bölekleýin boýun aldy.

XS
SM
MD
LG