Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Sarahs serhedi söwda üçin 24-nji sentýabra çenli açyk bolar


 Sarahs serhet geçelgesi
Sarahs serhet geçelgesi

Eýranyň Türkmenistan bilen aradaky Sarahs gury ýer serhedi 24-nji sentýabra çenli açyk bolar diýip, financialtribune.com Sarahs serhet terminalynyň müdiri Muhammet Mehdi Rezaýä salgylanyp habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistan bu ýerdäki serhet geçelgesini 14-nji sentýabrda, 10 günlük açdy.

Iki ýurduň resmileri Eýranyň 10 sany ýük awtoulagynyň tranzit köprüsinden Türkmenistanyň çägine 100 metr geçmegine rugsat bermek barada ylalaşyga geldi. Ýük tirkegleri şol ýerde Eýranyň ulaglaryndan türkmen ulaglaryna geçiriler we Türkmenistana ýa-da üçünji ýurda alnyp gidiler.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, türkmen ýük awtoulaglary Eýranyň ýük ýüklenen tirkeglerini soňky nokadyna eltip, soň boş ýagdaýda yzyna, eýranly sürüjilere getirip berer.

Eýrana girýän türkmen ýük awtoulaglary üçin hem şuňa meňzeş mümkinçilik döredilýär. Türkmenistan Alat gümrük barlag nokady arkaly Özbegistan bilen hem şuňa meňzeş serhetaşa söwda hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar diýip, eýran resmisi aýtdy.

Rezaýiniň aýtmagyna görä, Eýran-Türkmenistan serhedindäki tranzit köprüsi alty aýlyk pandemiýa arakesmesinden soň, şu aýyň başynda ulag hereketi üçin wagtlaýyn, üç günlük açyldy. Ýöne ol şonda eýran topragyndan goňşy ýurda diňe bir söwda ýük daşaýjysynyň geçendigini hem sözüne goşdy.

Türkmenistan dördünji gün, gysga wagtlyk açylandan soň, Horasan Razawi sebitinde, Eýranyň Sarahs gury ýer serhedindäki geçelgäni ýapdy.

Türkmenistanda koronawirusyň hiç hadysasy resmi taýdan tassyklanmady, emma Aşgabat goňşy ýurtlar bilen aradaky gatnawlary berk çäklendirdi. Bu ýagdaý ýerli bazarlaryň daşary ýurt önümlerine köp möçberde garaşly ýagdaý düşen ýurtdaky azyk bahalarynyň barha ýokary galmagyna sebäp boldy diýip, synçylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG