Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Çagalar mekdebe gorky bilen gidýärler": pandemiýa Täjigistanyň bilim ulgamyna nähili täsir etdi?


Täjigistanyň mekdeplerinde okuwlar şu ýyl 17-nji awgustdan başlandy.
Täjigistanyň mekdeplerinde okuwlar şu ýyl 17-nji awgustdan başlandy.

Täjigistanyň bilim ulgamynda pandemiýa sebäpli kyn ýagdaý ýüze çykdy. Okuw başlanaly bäri ep-esli wagt geçenem bolsa, mekdeplerdäki gatnaşyk 96%-den geçmeýär.

Azatlyk Radiosynyň geçiren barlaglaryna görä, koronawirus epidemiýasy döwründe mekdeplerde okuw düzgünleriniň guralyşyndan ata-eneleriň köpüsi närazy, şonuň üçinem çagalaryny mekdebe ibermeýänleri bar. Olaryň pikirine görä, okuw jaýlarynda koronawirus infeksiýasynyň ýokuşmak ähtimallygy öňküleri ýaly ýokary bolmagynda galýar. Sogd welaýatyndan Azatlyk Radiosynyň bir çeşmesiniň aýtmagyna görä, magaryf edarasy täze okuw ýylynda, 1-nji sentýabrda okuwçylaryň gatnaşygynyň 50%-den geçmeýändigini aýdypdy, häzir bolsa ol görkeziji 70% çemesi.

Mekdebe maskaly hem antiseptikli barmaly

Täjigistanda täze okuw ýyly mekdep okuwçylary hem studentler üçin 17-nji awgustdan, ýagny adatdakydan iki hepde öň başlanypdy, sebäbi geçen okuw ýyly koronawirus pandemiýasy sebäpli ir tamamlandy. Täjigistanyň hökümeti27-nji aprelde «epidemiýanyň howpy bilen baglanyşykly»mekdeplere kanikul berdi.“Kanikullar ähli mekdebe çenli edaralarda, umumy orta bilim berýän mekdeplerde 27-nji aprelden başlanyp, 10-njy maýa çenli dowam edýär” diýip, ýurduň magaryf we ylym ministrligi mälim edipdi. Şondan soňra mekdep okuwçylaryny hem mugallymlary 16-njy awgusta çenli kanikula iberdiler.

Bu ýyl Täjigistanyň mekdepleri hem ýokary okuw jaýlary täze düzgün boýunça işleýär. Ähli mugallymlar öňünden COVID -19boýunça test tabşyrdylar. Okuwçylaryň mekdep jaýyna girmezden öňinçä gyzgyny barlanmaly edildi. Olar şol ýerde hem antiseptik bilen ellerini arassalamaly. Okuw geçýän ýerde olara maska dakynmak hökman edildi. Muňa garamazdan, çagalar mekdebe gorky bilen gidýärler. Keseliň ýokuşmak töwekgelligi ýokary bolansoň, käbir ene-atalar öz çagalaryny howlusyndan daşary goýbermeýär.

Koronawirusmy? Ýok, angina!

Umumy bilim berýän orta mekdepleriň mugallymlaryndan birnäçesi koronawirus sebäpli işe çykyp bilmedi. Hojandyň raýon halk magaryf bölüminiň müdiri Muhaýýo Akmalhujaýewa СOVID-19alamatlary bilen welaýat kliniki keselhanasyna ýerleşdirildi. Sogd welaýat halk magaryf bölüminiň müdiri Osim Karimzoda hem gyzgyny aşa ýokary bolansoň, diňe 1-nji sentýabrdan işe çykyp bildi.

Kulýab sebitiniň halk magaryf bölüminiň ýolbaşçysy Jamoliddin Şukurow ýarawsyzlyk tapynanda, wraçlar oňa öýken sowuklamasy diýdiler, ol bolsa şindizem keselhanada ýatyr. Azatlyk Radiosy bilen gürleşende, Jamoliddin Şukurow öz saglyk ýagdaýynyň öňküsinden has gowulaşandygyny aýtdy. “Barýan işleriň ählisinden meniň habarym bar. Golaýda maňa Howaliň raýon halk magaryf bölüminiň müdiri telefon edip, bir mekdepde on okuwçyda ýokary temperatura peýda bolandygyny aýtdy. Ol mekdebi karantine ýapmagy haýyş etdi. Men oňa beýle karara diňe Saglyk ministrligi hem СOVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak baradaky respublikan ştab gelip biler diýdim. Soňra görülse, çagalarda angina ýüze çykypdyr” diýip, biziň gürrüňdeşimiz aýtdy.

Juýbadamda bolan heläkçilik: mekdep direktory koronawirusyň pidasymy?

Täjigistanda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen käbir sebitlerde koronawirusyň ikinji tolkuny peýda boldy. Awgust aýynyň ahyrynda Hojantda COVID-19infeksiýasyna ýoluganlaryň sany birden ýokarlandy. Hökümetler bolsa millete howpsuzlyk çärelerini berjaý etmegi tabşyrdy hem infeksiýadan ägä bolmalydygyny duýdurdy.

Rudaki raýonynyň Juýbadam obasynda mekdep direktory ýogalandan soň, mekdep iki günlük karantine ýapyldy. 56 ýaşly Şoista Odinabekowa 25-nji awgustda aradan çykdy. Hossarlarynyň aýtmagyna görä, onda owaldan süýjülik keseli bar eken, ölmezinden iki gün öň bolsa onuň gyzgyny gaty ýokarlanypdyr.

Rudaki raýonynyň halk magaryf bölüminiň müdiri Mahbuba Rahimowa Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly gürleşende, Juýbadamdaky mekdep dolulygyna dezinfeksiýa geçirilip, sapak otaglary hem daş-töwerekler arassalanandan soňra işe başlapdyr. Mekdebiň ähli mugallymy COVID-19boýunça test tabşyrandyklaryny hem ol sözüne goşdy.

Şol wagtyň özünde, Täjigistanyň magaryf we ylym ministrliginiň ýanyndaky СOVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak baradaky respublikan ştabyň sekretary Jaloliddin Amirow täze okuw ýylynda mekdeplerde ýekeje okuwçynyň ýa mugallymyň koronawirus infeksiýasyna ýolugandygy hasaba alynmady diýýär. “Ministrlik ähli okuw jaýlarynyň ýolbaşçylaryna ýokanç kesel peýda bolan badyna ony ýaşyrmazlygy hem bu barada gyssagly pursatda habar bermegi tabşyrdy” diýip, Amirow bu aýdanlaryny berkitdi.

«Biz koronawirusa ýolukdyk, çagalarymyzy mekdebe goýbermeýäris»

Sogd welaýatynyň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosy bilen gürleşende, özüniň iki çagasynyň birnäçe gün bäri mekdebe gatnamaýandygyny aýtdy. «Men hem meniň adamym indi ýigrimi gün bäri öý şertlerinde koronawirusdan bejergi alýas. Wraçlaryň maslahatyna görä, biziň 6-njy hem 8-nji synpda okaýan çagalarymyz wagtlaýynça mekdebe gatnamaýarlar. ‘Munuň üçin mekdebe jaň edip, ýagdaýy düşündirseňiz bes, bize başga çagalaryň koronawirusa ýolukmagy gerek däl’ diýdiler»diýip, öz adyny aýtmagy islemedik gürrüňdeşimiz maglumat berdi.

Täjigistan hökümetiniň COVID -19infeksiýasyndan ýogalanlar baradaky maglumatlarynda olaryň ýaşy, jynsy, ýaşaýan ýerleri hem haýsy işde işleýändikleri baradaky maglumatlar ýok. Bilim pudagynyň näçe işgäri COVID -19infeksiýasynyň pidasy boldy – ol belli däl. Mundan iki aý öň Hatlon welaýatynyň halk magaryf bölüminiň ýolbaşçysy Dilowar Isozoda bu pudakdan on adamyň koronawirus sebäpli ýogalandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynda bolan maglumatlara görä, şu okuw ýylynyň başynda Rudaki raýonyndan mekdep direktory aradan çykdy. Şol welaýatyň beýleki sebitlerinden hem magaryf pudagyna degişli birnäçe mugallym, şol sanda onlarça okuwçy ýa-ha keselhana ýerleşdirilipdir, ýa-da ýokary temperaturasy sebäpli öýünde bejergi almaly edilipdir.

Täjigistanyň Saglygy saklaýyş hem milletiň sosial goragy ministrliginiň maglumatyna görä, koronawirus infeksiýasyna ýoluganlaryň sany dokuz müň adam çemesi, olardan 70 adam aradan çykypdyr. Ýöne adamlar resmi maglumata ynanyp baranoklar, sosial ulgamlarda ýurtda koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň aşa ýokarydygy aýdylýar. Täjigistandaky BMG guramalarynyň maglumatyna görä, her 100 müň graždandan 84 adamda koronawirus infeksiýasy aýan edilipdir.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG