Täjigistanyň gündogaryndaky Horog şäherinde geçirilen içerki liganyň futbol oýnundan soň ýüze çykan çaknyşykda azyndan 21 adam ýaralandy.
Içeri işler ministrliginiň 21-nji sentýabrda aýtmagyna görä, ýerli futbol janköýerleri 19-njy sentýabrda mekdep stadionynda geçirilen oýundan soň birek-birege daş zyňyp başlapdyrlar we birek-birege şikes, emläge zeper ýetiripdir.
Ministrligiň habaryna görä, möwç alýan janköýerler mekdebiň we golaýdaky ýaşaýyş jaýlarynyň hem binanyň penjirelerini döwüpdirler. Şeýle hem alty ulaga zeper ýetirilipdir we stadiondaky birnäçe oturgyçlar döwülipdir.
Polisiýa bu waka boýunça derňew işine başlady.
Futbol huliganlarynyň arasynda dawa-jenjel sportuň giňden ýaýran Täjigistanda seýrek däl.
2011-nji ýylyň iýun aýynda günorta Kulob şäherinde geçirilen futbol oýnundan soň gahar-gazaply janköýerler oýnuň eminlerinden nägile boldular. Janköýerler stadiony goraýan polisiýa hüjüm etdiler we eminlere daş hem-de beýleki zatlary atdylar.
Şol ýylda geçirilen başga bir hadysada, 40-a golaý janköýer paýtagt Duşenbede öz halaýan toparynyň ýeňşini şowhun-gykylyk we köçelerdäki ulaglara daş atmak bilen dabaralandygy üçin tussag edilipdi.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?