Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň baş diplomaty Bileleşigiň Lukaşenkany belarus prezidenti hasaplamaýandygyny aýdýar


ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell
ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell

Adamlar Lukaşenkanyň kasam etmegine nägilelik bildirmek üçin köçelere çykanda, polisiýa märekäni dargatmak üçin rezin dürreleri we suw toplaryny ulandy. Içeri işler ministrligi 24-nji sentýabrda Minskde we başga ýerlerde polisiýa tarapyndan jemi 364 adamyň tussag edilendigini aýtdy

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Bileleşigiň garaşylmadyk ýagdaýda kasam kabul edip, tutuş ýurtda uly demonstrasiýalara sebäp bolandan soň, Aleksandr Lukaşenkany Belarusyň prezidenti hökmünde ykrar etmekden ýüz öwürýändigini aýtdy.

Ses berişligiň galplaşdyrylandygy aýdylsa-da, 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Lukaşenka ýene bir alty ýyl prezidentlik möhletiniň berilmegi Belarusyň 9-njy awgustdan bäri halk protestlerinden çaýkanmagyna alyp geldi.

Müňlerçe adam tussag edildi, ýüzlerçe adam polisiýa tarapyndan urlup-ýenjildi, oppozisiýa liderleri bolsa, saýlawdan soňky gazaply basyp ýatyrmalar arasynda ýa tussag edildi, ýa-da ýurtdan gaçmaga mejbur boldy.

Sesleriň 80 prosentini alandygyny aýdýan Lukaşenka 23-nji sentýabrda, elin saýlanana meňzeş birnäçe belarus resmisiniň gatnaşmagynda kasam kabul etmezinden öň polisiýa doly güýjünde herekete getirildi we merkezi köçeler petiklendi.

Döwlet habar beriş serişdeleri bu waka barada habar berdi, ýöne adatça göni alnyp görkezilýän dabarany jikme-jik beýan etmekden saklandy. Minskdäki internet bolsa, wakanyň geçýän wagtynda köplenç kesilen ýa çäklendirilen görnüşinde galdy.

"Bu 'inagurasiýa' belarus ilatynyň köp böleginiň islegine gönüden-göni ters gelýär, saýlawdan bäri geçen döwürde ol isleg görlüp-eşidilmedik derejede parahatçylykly demonstrasiýalarda beýan edildi we [bu kasam] Belarusdaky syýasy krizisiň has-da çuňlaşdyrylmagyna hyzmat edýär" diýip, Josep Borrelliň 24-nji sentýabrda eden beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de ol Brýusseliň Minsk bilen aradaky gatnaşyklaryny täzeden gözden geçirýändigini aýtdy.

"Ýewropa Bileleşiginiň pozisiýasy aýdyň: Belarusyň raýatlary täze, öz içine alyjy, aç-açan we ygtybarly saýlawlarda, özleriniň erkin saýlan adamlary tarapyndan wekilçilik edilmegine mynasypdyr" diýip, Borrell sözüniň üstüni ýetirdi.

Adamlar Lukaşenkanyň kasam etmegine nägilelik bildirmek üçin köçelere çykanda, polisiýa märekäni dargatmak üçin rezin dürreleri we suw toplaryny ulandy. Içeri işler ministrligi 24-nji sentýabrda Minskde we başga ýerlerde polisiýa tarapyndan jemi 364 adamyň tussag edilendigini aýtdy.

"Belarus häkimiýetleriniň gazaply basyp ýatyrmalaryna garamazdan, demokratiýa we esasy hukuklary üçin parahatçylykly çykyşlaryny dowam etdirýän belarus halkynyň edermenligi bizi haýran galdyrdy we buýsandyrdy. Biz olar bilen raýdaş we olaryň öz prezidentini täze, erkin we adalatly saýlawlar arkaly saýlamak baradaky demokratik hukugyny doly goldaýarys" diýip, Borrell nygtady.

ÝB repressiýa üçin jogapkär hasaplanýan 40 töweregi adama garşy sanksiýa taýýarlaýar we Lukaşenkanyň özüne hem jeza bermek çäresi gözlenýär diýip, diplomatik çeşmeler AFP habar gullugyna aýtdy.

Emma bu ýerde Ýewropa Bileleşiginiň 27 agzasynyň agzybir bolmagy zerur we Kipr öz ylalaşygyny Türkiýäniň öz ykdysady zonasynyň suwlarynda tebigy gaz gözlegini bes etmäge mejbur edilmegi üçin gördürjek bolýan çäreleri bilen baglanyşdyrýar.

Beýleki iki ýurt, Şwesiýa we Finlýandiýa Lukaşenka garşy sanksiýa girizmekden ýüz öwürýär we, Stokgolmyň başlyklyk etmeginde, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) araçy bolmagyna rugsat berilmegini isleýär diýip, çeşmeler AFP habar gullugyna aýtdy.

Bu mesele 1-2-nji oktýabrda, ÝB-niň Brýusselde geçjek sammitinde ara alnyp maslahatlaşylar.

Birleşen Ştatlar hem Lukaşenkanyň prezidentligini ykrar etmejekdiklerini aýdýan Günbatar ýurtlarynyň hataryna goşuldy.

"9-njy awgustda geçirilen saýlawlar ne erkin, ne-de adalatly boldy" diýip, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary 23-nji sentýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna aýtdy.

"ABŞ Aleksandr Lukaşenkany Belarusyň kanuny saýlanan lideri hasaplap bilmeýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Döwlet departamenti "garaşsyz synçylaryň gözegçiligi astynda erkin we adalatly saýlawlara" alyp geljek "milli gepleşik" geçirmäge çagyrdy.

"Adalatsyz tussag edilenleriň boşadylmagy we parahatçylykly nägilelik bildirýän raýatlara garşy repressiýanyň soňlanmagy hakyky milli gepleşiklere tarap ädilen ilkinji ädim bolar" diýip, metbugat wekili sözüniň üstüni ýetirdi.

Kasam kabul edişlik dabarasyndan soň, bosgunlykdaky esasy bäsdeş Swetlana Tikhanowskaýa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän oppozisiýa Lukaşenkanyň "galplaşdyrylan" ýeňşini hiç wagt kabul etmejekdigini aýtdy we haýal etmän raýat boýun egmezlik kampaniýasyna we soňsuz protestlere başlamaga çagyrdy.

"Bu diýilýän inagurasiýa gös-görnetin galplyk bolup durýar. Aslynda şu gün Lukaşenka dynç alşa çykdy" diýip, Tihanowskaýa Telegram kanalynda ýazdy. "Bu onuň howpsuzlyk edaralaryna beren buýruklarynyň indi kanuny däldigini we ýerine ýetirilmän bilinjekdigini aňladýar" diýip, ol aýtdy.

Şu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem Likaşankanyň dabaraly işe girişmegini gutlan az sanly dünýä liderleriniň hataryna goşuldy.

XS
SM
MD
LG