“Amnesty International” guramasynyň 25-nji sentýabrda çap edilen täze hasabatynda Gyrgyzystanyň saglyk işgärleriniň köplenç wada berlen goşmaça aýlyk haklaryny bermezden, käte hatda aýlyklaryny azaldyp, COVID-19 pandemiýasy mahalynda “türmä çalymdaş” karantin şertlerinde uzak wagtlap işlemäge mejbur edilendigi aýdylýar.
Resmi däl çeşmeleriň aýtmagyna görä, mart aýynyň ortalaryndan iýul aýynyň ahyryna çenli aralykda, wirus ýokuşmalarynyň iň ýokary derejelere çykan wagtynda, 40 saglyk işgäri wirus ýokuşmasyndan öldi.
Emma Saglyk ministrliginiň resmi maglumatlarynda ölen saglyk işgärleriniň sany 29 diýlip görkezildi diýip, hasabatda bellenýär.
Jon Hopkins uniwersitetiniň toplan maglumatlaryna görä, Gyrgyzystanda 45757 sany koronawirus näsagy bolup, 1,063 adam COVID-19-dan öldi.
Hasabatda lukmanlaryň maý aýyndan bäri her gün 12 sagatlap, iki hepdeden orunlaryny çalyşmak şertinde işländigi, işden soňky 14 günlük karantin şertleriniň “türmedäki ýaly” bolandygy aýdylýar.
Ýurtda iň pes aýlyk alýan hünärmenleriň hataryna girýän gyrgyz lukmanlaryna we şepagat uýalaryna wagtynda töleg edilmedi, käbirleriniň bolsa aýlyklary hem azaldyldy diýip, hasabatda aýdylýar.
Halkara günä geçiş guramasynyň aýtmagyna görä, seýrek ýagdaýda hem bolsa nägilelik bildirýän saglyk işgärlerine iş berijiler tarapyndan haýbat atyldy, olaryň kemsidilen, işden aýrylan halatlary hem boldy.
“Gyrgyzystanyň hökümeti pandemiýa garşy has gowy göreşmek üçin saglyk ulgamynda has berk durnuklylyk döretmek we saglyk işgärleriniň hukuklaryny goramak meselesine üns bermeli. Şeýle hem, ýurtdaky her bir adamyň söz azatlygy hukugyndan peýdalanmagyny we başgalaryň aýtmaýan zatlaryny adýan “jürlewükçileri” goramak üçin çäre görmeli” diýip, Amnesty International guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça gözlegçisi Heather MakGill aýtdy.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.