Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan saglygy saklaýyşa goýberilýän çykdajyny azaldýar, lukmanlar koronawirus üçin kompensasiýa berilmediginden arz edýärler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanyň hökümeti saglygy saklaýyş ulgamyna goýberilýän çykdajylary tapgyrlaýyn azaltmagy göz öňünde tutýar. Hökümet agzalarynyň pikirine görä, koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaý indi durnuklaşýar. Bu aralykda koronawirusly näsaglar bilen işleşen wraçlaryň ençemesi aýlyklarynyň üstüne berilmeli goşmaça haky hem wada edilen kompensasiýany entek alyp bilmedigini aýdýarlar. Ýurtda bolsa entegem adatdan daşary ýagdaýyň düzgüni dowam edýär. Ýöne graždanlar ol gadagançylyklaryň az bölegini berjaý edýärler.

Wezipede oturan adamlar öz iş tejribesi hem ýöredýän syýasaty boýunça Gyrgyzystana koronawirusyň ikinji tolkunynyň geljekdigini unudana meňzeýärler. Hökümet agzalary epidemiýanyň ikinji ýokarlanmasy oktýabr aýynda bolar diýip çaklaýardylar, indi bolsa olar ýardamçylardan gelýän pullary medisina ulgamyna däl-de, eýsem ykdysadyýeti dikeltmäge harçlamaly diýýärler.

Hökümet kreditorlara hem işewür toparlara uly möçberdäki ýeňillikleri wada berip gelýär. Aslynda şeýle wadalar ýaz aýlaryndan başlanypdy, ýöne biznes eýeleri hökümet tarapyndan çynlakaý bir ýardamyň bolmaýandygyndan, köpçülikleýin habar serişdelerine öz zeýrençlerini mälim edýärler.

“Häzirki wagtda respublikadaky ýagdaý kadalaşýar, biz her günde öňe gidişligi görýäris. Muňa laýyklykda, saglygy saklaýyş ulgamyna çykarylýan çykdajylar azalýar. Şeýlelikde, daşardan gelýän çeşmeler ýurduň ykdysadyýetini dikeltmäge, şol sanda kapital goýmaga gönükdiriler” diýip, Gyrgyzystanyň wise-premýeri Erkin Asrandiýew aýdýar.

Hökümet agzalary häli-şindi onlaýn-brifinglerde gyrgyzystanlylaryň öňünde çykyş edýärler. Soňky hepdelerde hökümet agzalary gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn ýagdaýda pandemiýa wagtynda örän gowy işländiklerini aýdýarlar. Bu barada ýurduň premýeri hem onuň garamagyndakylar aýtdylar. Elbetde, munuň bilen wraçlar ylalaşyp duranoklar. Medisina işgärlerinden köpüsi özüne degişli kompensasiýany aljak bolup, gapylary kakyp durlar. Bu ugurdan sosial ulgamda örän köp närazylyk aýdylýar, olar aýlyk haklarynyň gijikdirilýändigini hem aýlyklarynyň kesilýändigini aýdýarlar.

Gyrgyzystanda wagtlaýyn döredilen koronawirus merkezleri ýapyldy. Häzir her günde 70-80 adamyň täzeden koronawirusa ýolugýandygy hasaba alynýar. Hökümet resmileri ilata maska dakynyp gezmegi hem-de ähli sanitariýa kadalaryny berjaý etmegi maslahat berärler. Ýöne köçelerde ýüzi maskaly gezýänler her günden azalyp barýar. Jemgyýetçilik transportlary, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary kadaly işleýärler. Beýleki ýurtlar, hususan-da Gazagystan bilen uçar aragatnaşygy ýaňadan ýola goýulýar. Göräýmäge ähli obýektler açyk ýaly, diňe çagalaryň oýnaýan meýdançalar, fudkortlar – uly merkezlerdäki taýýar iýmitler hem kinoteatrlar işlemeýär.

Göräýmäge, Gyrgyzystanda pandemiýa hakda indi az-az adam alada edýär. Muňa garamazdan, hökümet adatdan daşary ýagdaýyň ýatyrylýandygyny resmi taýdan entek yglan edenok. Häzire çenli-de köpçülikleýin çäreleri geçirmäge gadagançylyk aradan aýrylanok, ýöne gyrgyzystanlylar ol düzgüni yzygiderli bozup gelýärler – restoranlarda uly toý-märekeleri geçirýärler. Hökümet tarapyndan öňe sürlen onlaýn-okuw usuly-da köpler üçin boş zada öwrülip barýar. Ähli obýektler işlese-de, bilim edaralary işlemän dur. Okuwlar az wagtlyk dowam etdi, ýöne muňa garamazdan, okuwy doly kadada diklemek ýa-da okuwçylary mekdebe dolamak barada arza-şikaýat ýa-da haýyş ýok.

Material Azatlyk Radiosynyň Nastoýaşeýe wremýa programmasy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG