Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sambo boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanda däl, Serbiýada geçiriler


Samboçylar, Aşgabat, 25-nji sentýabr, 2017.
Samboçylar, Aşgabat, 25-nji sentýabr, 2017.

2020-nji ýylyň Sambo boýunça dünýä çempionaty, koronawirus pandemiýasy aladalary bilen baglylykda, Serbiýa geçirildi diýip, insidethegames.biz neşiri habar berýär.

Ilkibaşda Türkmenistanda geçirilmekçi bolnan bäsleşik indi Nowi Sadda taýýarlanan Bütindünýä ýaşlar we Ýaşlar sambo çempionaty bilen bilelikde geçiriler.

Halkara Sambo federasiýasynyň (FIAS) maglumatyna görä, koronawirus krizisi sebäpli, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek mümkin däl.

Bu ýaryş 5-nji noýabrdan 8-nji noýabra çenli aralykda dowam eder.

FIAS-yň prezidenti Wasiliý Şestakow Serbiýanyň Sambo federasiýasyna bu sport bäsleşigini halas etmek üçin eden tagallasyna minnetdarlyk bildirdi.

"FIAS elmydama halkara arenasynda guralýan sambo ýaryşlarynyň iň köp möçberde geçirilmegine gol ýapýar, ýöne pandemiýa biziň planlarymyza düzediş girizdi" diýip, Şestakow aýtdy.

Geçen ýyl sambo çempionaty Günorta Koreýanyň Çongju şäherinde geçirildi.

Resmi taýdan Türkmenistanda koronawirus ýok diýip, habarda bellenýär.

XS
SM
MD
LG