Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa terrorçylykda güman edilýän bäş täjik raýatyny deportasiýa etdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Polşanyň häkimiýetleri “Yslam döwleti” terrorçylykly topar bilen arabaglanyşygy bolmakda we Polşada terrorçylyk hereketlerini gurnamak üçin polýaklary hem-de ukrain raýatlaryny işe almakda güman edilýän bäş täjik raýatyny ýurtdan deportasiýa etdi.

28-nji sentýabrda “Polşa radiosy” täjik raýatlarynyň dördüsiniň maý aýynda saklanandygyny, dekabr aýynda Polşadan gaçyp giden bäşinji şübheliniň bolsa, halkara terrorçylyga garşy guramalaryň kömegi bilen tussag edilendigini habar berdi.

Polşanyň Içerki howpsuzlyk gullugynyň habaryna görä, bäşinji şübheli Siriýa gidip, yslamçy ekstremistlere goşulmagy we “Al Kaýda” bilen ilteşikli terrorçylykly guramanyň agzasy bilen ýakyn aragatnaşyk gurmagy meýilleşdirýärdi.

Bäş täjik raýatynyň Polşa we Şengen zonasyna agza beýleki ýurtlara girmegi gadagan edildi.

Aprel aýynyň başynda goňşy Germaniýada dört täjik adamy tussag edildi. Olaryň ýurtda terrorçylykly hüjümleri taýýarlamakda güman edilýändigi aýdylypdy.

XS
SM
MD
LG