Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makron sürgünlikdäki belarus oppozisiýa lideri bilen duşuşyp, syýasy krizise araçylyk etjekdigini aýtdy


Swýatlana Tihanowskaýa
Swýatlana Tihanowskaýa

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Litwada belarus oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa bilen duşuşandan soň, Belarusdaky syýasy krizisiň çözülmeginde Ýewropanyň kömegini wada berdi.

“Araçylyga kömek etmek üçin ýewropalylar hökmünde elimizden gelenini ederis” diýip, Makron 29-njy sentýabrda Wilniusda Tihanowskaýa bilen duşuşandan soň, žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda belarus halkyna "pragmatiki" ýewropa goldawyny hem wada berdi.

Ol Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyny (ÝHHG) Belarus boýunça araçylyk etmek meselesini çözmäge çagyrdy. Belarusda 9-njy awgustda geçirilen jedelli prezident saýlawlary sebäpli birnäçe hepde bäri köpçülikleýin demonstrasiýalar dowam edýär.

Tihanowskaýa fransuz prezidenti “bize ýurdumyzdaky bu syýasy krizis [döwründe] gepleşiklere kömek etmek üçin ähli zady etjekdigini... we ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagyna ýardam bermek üçin ähli zady etjekdigini wada berdi” diýdi.

Oppozisiýa lideri prezident saýlawynyň yzýany, uzak wagt bäri ýurdy dolandyrýan Alýaksandr Lukaşenkanyň demonstrantlara garşy basyşlary eden döwründe Litwa gaçdy.

Lukaşenka ses berişlikde ýeňiş gazanandygyny öňe sürýär. Ýöne netijelere nägilelik bildirmek üçin köpçülikleýin ýörişleri geçirýän oppozisiýa Tihanowskaýanyň ýeňiş gazanandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG