Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampdan soň, koronawirus Respublikan partiýanyň agzalaryna hem ýaýrady


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2-nji oktýabrda koronawirus bejergisini almak üçin Waşingtonyň daşyndaky harby keselhana geçirildi, sebäbi bu ýokanç keseliň Respublikan partiýanyň agzalarynyň içine hem ýaýramagy onuň Ýokary suddaky boş orny çalt doldurmak synanyşygyny haýalladyp, prezidentiň saýlaw kampaniýasyna zarba urdy.

Trampyň ýakyn töwereginde giňelýän topar koronawirus synaglarynyň oňyn netijeleri barada habar bermek bilen, keseliň hökümetiň ýokary gatlaklarynda hem giň ýaýramak aladasyny döredýär.

Ýokary derejeli iki respublikan senator, Demirgazyk Karolinadan Tom Tillis we Ýuta ştatyndan Maýk Li 2-nji oktýabrda koronawirus synaglarynda oňyn netije görkezdi. Olar on gün karantinde boljakdyklaryny aýtdylar.

Bu iki senator 26-njy sentýabrda Ak tamyň Bägül bagynda sudýa Emi Koni Barrettiň Ýokary suda kandidat hödürlenmek dabarasyna gatnaşdy.

Şondan soň olar Senatdaky işlerini dowam etdirip, şu hepdäniň başynda Barret bilen hem duşuşdylar we bu ýagdaý keseliň beýlekilere hem ýokuşmak ähtimallygy barada alada döretdi.

Barrettiň saglyk synagy 2-nji oktýabrda wirus babatda negatiw netije görkezdi, ýöne oňa eýýäm tomusda wirus diagnozynyň goýlandygy habar berildi.

“Bägül bagyndaky” çärä gatnaşan beýleki dört senatoryň saglyk synaglary negatiw netije görkezdi.

Dalaşgärlige hödürleniş dabarasyna gatnaşan Trampdan we onuň aýalyndan başga, respublikan milli komitetiň başlygy Ronna MakDaniel, Notre Dame uniwersitetiniň prezidenti Jon Jenkins we prezidentiň geňeşçisi we Ak tamyň metbugat wekili bolup işlän Kellianne Konwaý dagynyň hem synaglary oňyn netije görkezdi.

Dalaşgärleri hödürlemek dabarasyna gatnaşanlarda geçirilen oňyn synaglaryň möçberi bu çäräniň wirusyň ýaýramagyna kömek edendigi baradaky çaklamalary döretdi. Aýdylmagyna görä, myhmanlaryň köpüsi garyşyp, maska geýmän, sosial aralyk düzgünlerini saklamady.

XS
SM
MD
LG