Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan, Azerbaýjan Dagly-Garabag dawasynda Minsk topary bilen gepleşiklere isleg bildirýär


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Orsýeti, Birleşen Ştatlary we Fransiýany, Minsk topary diýilýäniň Dagly-Garabagyň töweregindäki dawaly meseleleri parahatçylykly çözmekde alyp barýan tagallalaryny dowam etdirmäge çagyrdy. Bu sebitdäki dawa, Azerbaýjan bilen Eremistanyň arasynda 1990-njy ýyllaryň başynda baglaşylan yrga ylalaşykdan bäri dowam edýär.

Alyýew 3-nji oktýabrda "Al Jazeera" TW-ne beren interwýusynda "Meniň pikirimçe, bu üç ýurt Dagly-Garabag konfliktini çözmek üçin bilelikde işlemeli, ýöne bitarap bolmak şerti bilen" diýdi.

Bu sözler Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň bir gün ozal eden beýanatynyň yz ýanyndan aýdyldy.

Ermenistanyň DIM-i 2-nji oktýabrda Minsk toparynyň Dagly-Garabag üstünde söweşýän güýçleriň arasyndaky duşmançylygy derrew bes etmek barada eden bilelikdäki çagyryşyny goldaýandygyny we ÝHHG üsti bilen parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Halkara liderleri bölünen sebit bolan Dagly-Garabag sebitinde turan söweşiň derrew bes edilmegini talap edýär.

XS
SM
MD
LG