Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp wideoda ýagdaýynyň gowudygyny we basym yzyna dolanyp geljekdigini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň daşyndaky harby keselhanada COVID-19 bejergisini alýar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň daşyndaky harby keselhanada COVID-19 bejergisini alýar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň daşyndaky harby keselhanada COVID-19 bejergisini alýan ýerinde “özüniň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny” we 3-nji noýabrda geçiriljek saýlawdan öň kampaniýany tamamlamak üçin "tiz wagtda yzyna dolanyp geljekdigini" aýtdy.

3-nji oktýabrda Twitterde ýerleşdirilen dört minutlyk wideoda Tramp ABŞ-da we dünýäniň çar künjeginden özüne berlen goldawlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýakyn günlerde “hakyky synagyň” boljakdygyny aýtdy.

"Biz bu koronawirusy ýeňeris" diýip, Tramp koronawirus bejerişiniň täsiri hakynda uly optimizm bilen gürrüň edip, edilýän emleri "Hudaýdan inýän gudratlar" hökmünde häsiýetlendirdi.

Antibeden bejergisinden başga remdesivir bejergisini hem alýan Tramp hassahananyň prezident wezipelerini dowam etdirmek üçin enjamlaşdyrylan otagynda işlemegini dowam etdirer diýip Ak tam aýtdy.

Prezidenti bejerýän lukmanlar onuň gyzgynynyň ýokdugyny we dem almakda kynçylyk çekmeýändigini aýdyp, Trampyň ýagdaýyna gowy baha berdiler, ýöne işgärleriniň biri ýakyn iki günüň 74 ýaşly adam üçin möhüm boljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG