Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan, bidüzgünçilikler baradaky habarlar arasynda, parlament saýlawlarynda ses berýär


Prezident Sooronbai Jeenbekow ses berýär. Bişkek, 4-nji oktýabr, 2020.
Prezident Sooronbai Jeenbekow ses berýär. Bişkek, 4-nji oktýabr, 2020.

Saýlaw kampaniýasy azyndan 12 adamyň keselhana ýerleşdirilmegine getiren zorlukly waka hem kölege saldy. Günortadaky Oş welaýatynda “Mekenim Gyrgyzystanyň” tarapdarlary bilen “Birimdikiň” arasynda ýüze çykan dawa-jenjelden soň birnäçe ulag otlandy.

Saýlaw kampaniýasy sesleriň satyn alynýandygy baradaky aýyplamalara ünsi çekeninden soň, Moskwanyň Merkezi Aziýadaky iň ýakyn ýaranyna nähili täsir edýändigi barada dörän agzalalyk arasynda, gyrgyz saýlawçylary 4-nji oktýabrda geçirilýän parlament saýlawlarynda ses berýärler.

Saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen sagat 8-de açyldy we agşam sagat 8-de ýapylmaly. Azatlyk Radiosynyň Gyrgyzystan gullugynyň habaryna görä, hasaba alnan 3,5 million gyrgyz saýlawçysynyň takmynan 20 göterimi ýerli wagt bilen günortana golaý ses berdi.

Şeýle hem, Merkezi saýlaw komissiýasy esasan saýlawçylaryň awtobuslarda saýlaw uçastoklaryna eltilmegi, saýlawçylary saýlaw uçastoklaryna äkidýän adamlar we hatda olaryň ses bermeklerine gözegçilik etmek bilen baglanyşykly, günortana çenli, 21 şikaýat aldy.

Saýlawda 120 agzaly Ýokarky geňeşdäki orunlar üçin 16 syýasy partiýa bäsleşýär, hökümete tarapdar partiýalar “Birimdik” we “Mekenim Gyrgyzystan” oppozisiýadaky “Ata-Meken” we “Respublika” toparlaryndan öňe saýlanar öýdülýär.

Gyrgyzystanyň saýlaw kanunlarynda hiç bir partiýanyň kanun çykaryjy organda 65-den gowrak orny alyp bilmejekdigi aýdylýar, bu dolandyryjy partiýalaryň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky jübi parlamenti diýilýänlerde agdyklyk etmeginiň öňüni almak üçin görlen çäre bolup durýar.

Gyrgyzystan 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri Merkezi Aziýadaky “demokratiýa adasy” hökmünde häsiýetlendirilýär.

Emma muňa garamazdan, ýurduň ähli saýlaw kampaniýalaryndan görnüşi ýaly, bu ýurduň öz gapma-garşylyklary hem ýeterlik.

Ýöne bu ýagdaý Gyrgyzystandaky saýlawlaryň awtoritar, demokratik däl goňşular bilen deňeşdirilende, ýurduň näderejede tapawutlydygyny ýene bir gezek görkezdi.

Şeýle-de bolsa, Azatlyk Radiosynyň habarçylary 4-nji oktýabrda käbir sebitlerde saýlaw uçastoklarynyň daşynda garaşýan adamlaryň saýlawçylara atlaryň sanawyny we konwert gowşurýandyklaryny habar berdiler.

Demirgazyk-günbatar Talas şäherinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy saýlawçylaryň nobatynda duran bir aýalyň öz kamerasyny "urandygyny" we surata alynmagyny, ýazgy edilmegini bes etmegini talap edendigini habar berdi.

Saýlaw kampaniýasy döwründe hökümete tarapdar we oppozisiýa kandidatlarynyň gatnaşmagynda guralan çekişmelerde prezident Sooronbaý Jeenbekowyň we Gyrgyzystanyň hökümetiniň garşysyna aýdylýan tankydy bellikleri ýurduň esasy telekanallarynda her gije diýen ýaly eşitmek bolýardy.

Kiçi partiýalar Jeenbekowa wepaly hasaplanýan “Birimdigi” öz kandidatlaryny öňe sürmek üçin administratiw çeşmelerden peýdalanmakda aýyplaýarlar, partiýa muny ret edýär. Partiýanyň dalaşgärleriniň arasynda prezidentiň dogany Asylbek Jeenbekow we häzirki parlamentiň birnäçe ýokary derejeli agzalary bar.

“Mekenim Gyrgyzystan” baý we täsirli Matraýymow maşgalasy bilen ýakyn baglanyşykly.

Bu kowumyň tanymal şahsy, gümrük gullugynyň öňki ýokary derejeli işgäri Raýmbek Matraýymow geçen ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda uly protest çäreleriniň nyşanasy boldy.

Demonstrantlar korrupsiýa we ýurtdan köp mukdarda pul gaçyrylmagy barada çykan maglumatlaryň derňelmegini talap etdiler.

Professor we ýazyjy Asel Dulotkeldiýewanyň pikiriçe, Gyrgyzystanda täze partiýalaryň käbiri diňe "köpden bäri işleýän, resmi däl saýlama syýasy we ykdysady ulgamlar üçin örtük bolup” hyzmat edýär.

Şu aralykda, “Birimdik” partiýasynyň başlygy Marat Amankulow tankyt edildi, hatda oňa garşy protest çäresi hem gurnaldy. Onuň birnäçe aý ozal düşürilen wideosy, Gyrgyzystanyň garaşsyzlygy meselesine gaýtadan seretmek we Orsýetiň garamagyna gaýdyp gelmegiň wagtynyň gelendigi barada aýdan sözleriniň ýazgysy syzyp çykdy.

Amankulow bu wideoda post-sowet döwletleri bolan Ermenistan, Belarus, Gazagystan we Gyrgyzystan ýaly ýurtlaryň, Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň çäginde, bir-bitewi ýurda öwrülmelidigini aýtdy.

27-nji sentýabrda ýüzlerçe demonstrant Bişkekde ýygnanyp, saýlaw ýolbaşçylaryny Amankulowy we onuň partiýasyny saýlawlara gatnaşmakdan mahrum etmäge çagyrdy. Amankulow öz sözleriniň umumy mazmundan saýlanyp alnyp, olaryň asyl manysynyň ýoýlandygyny öňe sürdi.

Bişkekdäki demonstrasiýa prezident Jeenbekowyň Gara deňiň boýundaky Soçi kurortynda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşmagyndan bir gün öň boldy.

Jeenbekow rus lideri bilen bolan duşuşygynda “Gyrgyz-Russiýa” gatnaşyklaryna we strategiki hyzmatdaşlygyna zyýan ýetirmeklige synanyşýan “güýçler” barada hem durup geçdi.

Jeenbekow "Olaryň rowaçlyk gazanmagyna ýol bermeris, sebäbi Russiýanyň bize berýän goldawy esasy zat we örän möhüm” diýip, gyrgyz lideri belledi.

6,5 million töweregi ilatly we garyp düşen post-sowet ýurdunyň ýüzlerçe müň migrant işçisi Orsýetde işleýär. COVID-19 pandemiýasy we onuň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görlen çäreler Orsýetde işleýän migrant işçileriň gazanç mümkinçiliklerini peseltdi we olaryň ýurtlaryna iberýän pullary azaldy. Bu ýagdaý Gyrgyzystandaky işsizlik derejesiniň has-da ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Saýlaw kampaniýasy azyndan 12 adamyň keselhana ýerleşdirilmegine getiren zorlukly waka hem kölege saldy. Günortadaky Oş welaýatynda “Mekenim Gyrgyzystanyň” tarapdarlary bilen “Birimdikiň” arasynda ýüze çykan dawa-jenjelden soň birnäçe ulag otlandy.

Bu dawa 20-nji sentýabrda, “Mekenim Gyrgyzystan” partiýasynyň Arawan etrabynda saýlawçylar bilen bolan duşuşygynda bolup geçdi, ýerli metbugat tarapyndan “Birimdik” tarapdarlary hökmünde häsiýetlendirilen bir topar adam bu çäräniň arasyny böldi. Polisiýa söweşe 100 töweregi adamyň gatnaşandygyny aýtdy.

“Respublika” partiýasy bolsa 1-nji oktýabrda günorta Uzgen etrabynda 30-njy sentýabrda, aktiwistlerinden biriniň başga bir syýasy partiýanyň tarapdary tarapyndan pyçaklanyp öldürilendigini öňe sürdi.

Şeýle-de partiýa Naryn welaýatynda başga bir kampaniýa agzasynyň ýenjilendigini, Çuý welaýatynyň Panfilow etrabynda partiýanyň saýlaw kampaniýasynyň ýolbaşçysynyň “aç-açan basyş astyna düşendigini” aýtdy.

“Respublika” öz beýanatynda agzalarynyň we tarapdarlarynyň saýlaw kampaniýasy başlaly bäri dürli basyşlara we fiziki hüjümlere sezewar bolandygyny aýtdy.

Bu saýlaw gyrgyz häkimiýetleriniň COVID-19 ýokuşmalarynyň köpelýändigi barada beren duýduryşyna, käbir sebitlerde adamlaryň hereketine çäklendirme girizilýän wagtyna gabat geldi.

Syýasy partiýalar saglyk edaralarynyň duýduryşlaryna köplenç boýun bolmadylar we tarapdarlary bilen uly ýygnanyşyklary geçirdiler.

Ses berişligiň çäginde 2475 saýlaw uçastogy işleýär, olaryň 45-si daşary ýurtda.

Saýlawlara 43 ýurtdan we 33 halkara guramasyndan 270-den gowrak synçy gözegçilik edýär.

XS
SM
MD
LG