Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan ermeni güýçleriniň ýurduň ikinji şäherini nyşana alandygyny aýdýar


Genjede weýran edilen taryhy bina, 4-nji oktýabr, 2020
Genjede weýran edilen taryhy bina, 4-nji oktýabr, 2020

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Günorta Kawkazda bir hepde öň başlan söweşiniň möwjemegi netijesinde, ermeni güýçleriniň 4-nji oktýabrda ýurduň ikinji şäheri bolan Genjäni raketa okuna tutandygyny aýtdy.

Ermenistan Azerbaýjana tarap hiç bir raketa “gönükdirmändigini” aýdyp, bu diýilýäni ret etdi. Emma bölünen Dagly-Garabag sebitiniň de-fakto lideri öz güýçleriniň Genje şäherindäki harby howa bazasyny ýok edendigini aýtdy.

Bakuwdaky ministrlik öz web sahypasynda ýerleşdirilen beýanatda Azerbaýjanyň günbataryndaky Genjäniň, 330 müň gowrak ilatly şäheriň we başga-da birnäçe raýat sebitiniň raketa we top oklarynyň astyna düşendigini aýtdy.

Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugy ministrlige salgylanyp, azerbaýjan goşunynyň "ýeterlik ar alyş çäresini görýändigini" habar berdi.

Goranmak ministri Zakir Hasanow Azerbaýjanyň territoriýasynyň Ermenistandan oka tutulmagynyň söweş meýdanyny giňeldýän açyk prowokasiýa bolandygyny belledi we Azerbaýjanyň "ar alyş çäresini" görendigini aýtdy.

Beýanatda nähili çäreleriň görlendigi aýdylmady, ýöne wakanyň içindäki žurnalistler partlamalaryň Dagly-Garabagyň esasy şäheri Stepanakerti sarsdyrýandygyny habar berdiler.

Ministrligiň habaryna görä, Azerbaýjanyň Terter we Goradiz şäherleri hem nyşana alyndy.

Ermeni Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Artsrun Howhannisýan "Azerbaýjan güýçleri Stepanakertdäki raýat nyşanalaryny raketa okuna tutýar" diýidi.

Howhannisiýan Ermenistanyň Genjäni nyşana alandygyny inkär etdi, ýöne Dagly-Garabagyň de-fakto lideri Araýik Harutiunian öz güýçleriniň Genje şäherindäki harby howa bazasyny ýok edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG