Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daglyk-Garabagyň üstündäki söweşlerde şäherler zarba astyna düşýär


Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Daglyk-Garabag regionynyň üstünde dowam edýän söweşiň netijesi, Jedelli sebitiň esasy şäheri bolan Stepanakert, 4-nji oktýabr, 2020.
Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Daglyk-Garabag regionynyň üstünde dowam edýän söweşiň netijesi, Jedelli sebitiň esasy şäheri bolan Stepanakert, 4-nji oktýabr, 2020.

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň güýçleri 4-nji oktýabrda jedelli Daglyk-Garabag territoriýasy boýunça güýçli söweşleri alyp bardylar. Separatist regionyň paýtagty we Azerbaýjanyň şäherleri raketa hem artilleriýa oklarynyň astyna düşdi.

Iki tarap hem beýlekisini nyşana almakda günäkärledi.

Halkara Gyzyl Haç guramasy 4-nji oktýabrda "şäherlerde, şäherçelerde we beýleki ilatly ýerlerde partlaýjy ýarag ulanyp, bikanun atyşyk we bikanun hüjümler" barada habar berilýän ýagdaýlary ýazgardy.

Daglyk-Garabagyň häkimiýetleri 4-nji oktýabrda paýtagt Stepanakerte we onuň golaýyndaky Şuşi şäherine raketa we artilleriýa hüjümleriniň üçünji gün dowam edendigini aýtdy.

Bu aralykda, Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni güýçleriniň ýurduň ikinji uly şäheri bolan Gianja şäherine raketa we artilleriýa bilen eden hüjüminiň jedelli Daglyk-Garabag regionynyň daşyndaky dawanyň möwjemegine sebäp bolandygyny aýtdy.

Azerbaýjan agşam üç sany raketanyň söweş liniýasyndan 100 kilometr uzaklykda ýerleşýän Mingaçewir şäherine ýetendigini aýtdy. Bu ýerde strategiki gidroelektrik stansiýasy we Kawkaz sebitindäki iň uly bent ýerleşýär.

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow Azerbaýjanyň territoriýasynyň Ermenistan tarapyndan oka tutulmagynyň söweş meýdanyny giňeldýän açyk prowokasiýa bolandygyny belledi we Azerbaýjanyň "ar alyş çäresini" görkezendigini aýtdy.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi Gianja, Mingaçewir ýa-da beýleki şäherlere raketalaryň atylandygyny ret etdi.

Daglyk-Garabagyň de-fakto lideri Araýik Harutiunian öz güýçleriniň Gianjadaky harby bazany nyşana alandygyny we soň saklanmagy buýrandygyny aýtdy. Ol bu hüjümiň "duýduryş ody" bolandygyny we Azerbaýjanyň hüjümine jogap hökmünde "beýleki şäherlere-de dowam etjekdigini" aýtdy.

XS
SM
MD
LG