Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp, ýagdaýnyň gowulaşmagy bilen koronawirus hakda 'köp zat öwrenendigini' aýtdy


Donald Tramp 4-nji oktýabrda COVID-19 bejergi alýan harby keselhanadan gysga wagtlyk çykdy we sowutly ulagda daşarda aýlanyp, tarapdarlary bilen salamlaşdy, Maryland, 4-nji oktýabr, 2020.
Donald Tramp 4-nji oktýabrda COVID-19 bejergi alýan harby keselhanadan gysga wagtlyk çykdy we sowutly ulagda daşarda aýlanyp, tarapdarlary bilen salamlaşdy, Maryland, 4-nji oktýabr, 2020.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 4-nji oktýabrda COVID-19 bejergi alýan harby keselhanadan gysga wagtlyk çykdy we sowutly ulagda daşarda aýlanyp, tarapdarlary bilen salamlaşdy.

Prezident 2-nji oktýabrda ýerleşdirilen Walter Reed milli harby keselhanasynyň daşynda toplanan eli baýdakly, begençli şowhun eden mähelläniň öňünden ulagly geçdi.

Mundan öň Tramp Twitterde çap eden wideo ýazgysynda özüne COVID-19 ýokaşaly bäri köp zat öwrenendigini aýtdy.

"Maňa hakykatdanam mekdep boldy" diýip Tramp, - "Men muňa ýetdim we düşündim. Bu örän gyzykly zat" diýdi.

Käbirler Trampyň keselhananyň daşyna çykmak bilen wirusa garşy esasy seresaplylygy äsgermezlik edýändigini bellediler.

Mundan öň Trampy bejerýän doktorlar prezidentiň ýagdaýynyň gowulaşýandygyny we onuň 5-nji oktýabrda hassahanadan çykyp biljekdigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG