Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde protestleriň arasynda parlamentiň, prezident edarasynyň ýerleşýän binasy ot aldy


Bişkekdäki hökümet binasynyň öňünde duran protestçiler. 6-njy oktýabr, 2020 ý.

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde parlament saýlawlarynyň netijeleri bilen närazy protestçiler bilen hopwsuzlyk güýçleriniň arasynda ýüze çykan gazaply gapma-garşylykdan soň, demonstrantlar parlament binasyna girdiler we tussaglykdaky ozalky prezidenti boşatdylar.

Bu aralykda, prezident Sooronbaý Jeenbekowyň we Jogorku Keneşiň (Ýokarky Geňeş) ýerleşýän binasynyň üçünji gatynda ýangyn ýüze çykdy. Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habarçylary penjirelerden gara tüssäniň çykýandygyny we ýangyn söndürijileriň ody söndürmäge synanyşýandygyny gürrüň berdiler.

Mundan öň, sosial medialarda protestçileriň prezident edarasynyň hem ýerleşýän binanyň ýedinji gatynda otagdan-otaga aýlanýan suratlary çap edildi.

Protestçileriň ýene bir topary jemgyýetçilik telewideniýe we radio kompaniýasyny ele geçirdiler. Şeýle-de, protestçiler Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komitetiniň binasyna girip, ol ýerde korrupsiýa aýyplamalary boýunça tussaglykda saklanýan ozalky prezident Almazbek Atambaýewi boşatdylar.

Bu ýagdaýlar 5-nji oktýabrda müňlerçe adamyň mundan bir gün öň geçirilen parlament saýlawlarynyň netijeleriniň ýatyrylmagyny talap edip köçä çykmagyndan soň özgerdi.

Polisiýa protestçileri dargatmak üçin suw toplaryny, göz ýaşardyjy gazy we seňselediji granatlary ulandy. Bişkegiň keselhanalarynda 120-ä golaý adam ýerleşdirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG