Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny rus oligarhalaryny ÝB-e goýbermezligi hödürledi


Alekseý Nawalny
Alekseý Nawalny

Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalny Ýewropa Bileleşiginiň Kremle ýakyn oligarhlara garşy berk çäreleri görmegi, olaryň ÝB-niň çäklerine goýberilmezligini hödürledi.

Gadagan edilen Nowiçok toparyna degişli nerw agenti bilen awgustda zäherlenenden soň, häzir Germaniýada bejergi alýan Nawalny Germaniýanyň “Bild” neşirine beren interwýusynda tutuş ýurda garşy girizilýän sanksiýalaryň netije bermeýändigini aýtdy.

“Esasy zat bu režimden bähbit görýänlere garşy giriş gadagançylyklaryny girizmeli we olaryň serişdelerini doňdurmaly” diýip, Nawalny aýtdy.

“Oligarhlar we ýokary derejeli resmiler” – prezident Wladimir Putine ýakyn adamlar – nyşana alynmaly” diýip, Nawalny belledi.

“Olar pullary ogurlaýarlar, milliardlap talaýarlar; hepde soňy bolsa Londona ýa Berline uçup, bu ýerlerde gymmatbaha jaýlary satyn alyp, kafelerde oturýarlar” diýip, Nawalny nygtady.

Nawalny Germaniýanyň ozalky kansleri, rus energiýa firmalarynyň bähbitlerini ilerledijisi Gerhard Şroederiň üstünde hem aýratyn durup geçdi. Nawalny Şroederiň özüniň zäherlenmegi boýunça häzire çenli “anyk delilleriň hödürlenmändigi” baradaky çykyşynyň “gaty gynandyjyry” bolandygyny aýtdy. Ol Şroederiň “adam öldürijileri goraýan Putiniň ýumuş oglanyna öwrülendigini” hem sözüne goşdy.

Nawalnynyň bu sözleri Germaniýanyň we onuň hyzmatdaşlarynyň Kremliň tankytçysynyň zäherlenmegine jogap edip girizilmeli sanksiýalary maslahat edýän döwrüne gabat geldi.

XS
SM
MD
LG