Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz kanun çykaryjylary protestlerden soňky krizisi maslahatlaşmak üçin ýygnanmagy başarmady


Kursan Asanow öňki hökümet işgärleriniň boşadylmagynyň kanunylygy meselesiniň täze hökümet gurlandan soň çözüljekdigini aýtdy.
Kursan Asanow öňki hökümet işgärleriniň boşadylmagynyň kanunylygy meselesiniň täze hökümet gurlandan soň çözüljekdigini aýtdy.

Sadyr Žaparow we ýaşlar toparlary tarapyndan hödürlenen Tilek Toktogaziýew şu hepde bu wezipä bolan isleglerini açyk-aýdyň etdiler. Gyrgyzystanda köp adam Žaparowy prezident Sooronbaý Jeenbekow bilen baglanyşykly syýasatçy hasaplaýar.

Gyrgyzystanyň kanun çykaryjylary şu hepdäniň başynda guralan köpçülikleýin protestler netijesinde çetleşdirilen hökümetden soňky häkimiýet boşlugy şertlerinde dörän syýasy krizisi çözmek üçin ýeterlik kworum ýygnap bilmedi.

Kanun çykaryjy Ryskeldi Mombekow 8-nji oktýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna beren interwýusynda parlamentiň adatdan daşary mejlisiniň senesini kesgitlemek, wagtlaýyn premýer-ministr saýlamak we täze hökümet düzmek, prezident Soronbaý Jeenbekowa impiçment yglan etmek barada karara gelmek üçin bir gijede diňe 40 agzanyň Bişkek myhmanhanasyna ýygnanandygyny aýtdy.

Kanun çykaryjylaryň kararlarynyň kanuny bolmagy üçin parlament mejlislerine 120 agzanyň azyndan 61-siniň gatnaşmagy zerur.

Bu gapma-garşy taraplardan durýan we iş başyndan gitmeli parlamentiň krizisi çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin eden ikinji ýygnanyşyk synanyşygy bolup durýar.

Beýleki bir kanun çykaryjy Elwira Surabaldiýewa Azatlyk radiosyna beren interwýusynda, bir topar kanun çykaryjynyň, ozalky spiker Dastan Jumabekow protestler arasynda işden çekilenden soň yglan edilen wagtlaýyn spiker Myktybek Abdyldaýewiň toparynyň Jeenbekowyň impiçment edilmegini gün tertibine girizmekden ýüz öwrendigini aýtdy.

Oppozisiýa toparlary ýakyn aýlarda gaýtadan geçiriljek ses berişlige gözegçilik etmeli wagtlaýyn premýer-ministriň wezipesine dalaşgärleri teklip etdi.

Sadyr Žaparow we ýaşlar toparlary tarapyndan hödürlenen Tilek Toktogaziýew şu hepde bu wezipä bolan isleglerini açyk-aýdyň etdiler. Gyrgyzystanda köp adam Žaparowy prezident Sooronbaý Jeenbekow bilen baglanyşykly syýasatçy hasaplaýar.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan kanun çykaryjylaryň birnäçesi ozal ministrler kabinetiniň başlygy wezipesini ýerine ýetiren Omurbek Babanowyň hem bäsdeş hökmünde öňe çykandygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň Telekeçiler Assosiasiýasy 8-nji oktýabrda bu wezipä öz kandidatyny, Halkara Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Askar Sydikowy hödürlejekdigini yglan etdi.

Şu aralykda, Gyrgyzystanyň merkezi banky iki gün ozal ýapylan maliýe guramalarynyň 8-nji oktýabrda gaýtadan açylmagyna rugsat berdi, sebäbi işewür birleşikler banklar we salgyt bölümleri ýapyk bolan ýagdaýynda ýurduň azyk ýetmezçiligine duçar bolup biljekdigini, munuň bolsa öz gezeginde jemgyýetçilik howpsuzlygy aladalaryny döretjekdigini duýdurdylar.

4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda hökümetçi partiýalaryň ýeňiji bolandygy yglan edildi, emma oppozisiýa partiýalary onuň netijelerini kabul etmekden boýun gaçyrdy we soňra, köpçülikleýin protestler netijesinde, Merkezi saýlaw komissiýasy ozalky yglan eden resmi netijelerini ýatyrmak kararyna geldi.

Sooronbaý Jeenbekow hökümetiň çetleşdirilmegine getiren protestler başlaly bäri jemgyýetçilikde görünmeýär, emma onuň edarasy prezidentiň paýtagt Bişkekde bolýandygyny aýtdy.

Jeenbekow garşydaş syýasy toparlaryň arasynda gepleşik geçirilmegine çagyrýan üç beýanat bilen çykyş etdi.

Polisiýa işgärleriniň we raýat eşikli erkek adamlaryň demonstrantlar bilen çaknyşmagy netijesinde, protest wagtynda 19 ýaşly Umutbek Altynbek Uulu heläk boldy, tolgunyşyk ýüze çykandan bäri döwürde müňden gowrak adam medisina kömegini aldy.

Altynbek Uulu 8-nji oktýabrda dogduk mekany Batken sebitinde jaýlandy.

Protest wagtynda ozal sud jogapkärçiligine çekilen öňki ýokary derejeli resmileriň birnäçesi, şol sanda korrupsiýa aýyplamalarynda aýyplanan öňki prezident Almazbek Atambaýew türmeden boşadyldy.

Oppozisiýa kandidaty hökmünde saýlawlara gatnaşan we şu hepde içeri işler ministri wezipesini ýerine ýetirmäge girişen Kursan Asanow 8-nji oktýabrda öňki hökümet işgärleriniň boşadylmagynyň kanunylygy meselesiniň täze hökümet gurlandan soň çözüljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG