Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlary gyrgyz wakalary barada bilelikde beýanat çap etdi


Gyrgyz protestçileri
Gyrgyz protestçileri

Gazagystanyň prezidentiniň web sahypasynda Gazagystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasynyň döwlet baştutanlarynyň Gyrgyz Respublikasyndaky wakalar barada bilelikdäki beýanaty cap edildi. Onda Gyrgyzystanda bolup geçýän wakalaryň çynlakaý alada döredýändigi bellenilýär.

Köp asyrlyk dostluk gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylyk, umumy medeni we ruhy gymmatlyklar bilen baglylykda, ýakyn goňşulary hökmünde, biz bu kyn günlerde Gyrgyzystanyň halkyny parahatçylygy goramak we ýurtda durnuklylygy dikeltmek üçin özlerine mahsus paýhaslylygy görkezmäge çagyrýarys diýip, döwlet baştutanlary aýdýar.

Şeýle-de olar Gyrgyzystanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik toparlarynyň ählisiniň parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek, Konstitusiýanyň we milli kanunçylygyň hökmany ýerine ýetirilmegi bilen, ýüze çykan meseleleri çözmek ugrunda zerur bolan tagallalary etjekdigine umyt baglaýarlar.

Beýanatda nygtalmagyna görä, Gyrgyzystanyň gülläp ösmegi sebitleýin howpsuzlyk we tutuş Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin möhüm faktor bolup durýar.

Bu beýanaty soňra TDH hem çap etdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşendi, emma şonda Gyrgyzystandaky syýasy wakalar barada maslahat edilip-edilmändigi aýdylmady.

Ýöne özbek prezidentiniň metbugat gullugy prezidentleriň Gyrgyzystandaky ýagdaý barada hem maslahat edendigini habar berdi.

Prezidentler türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler.

Şeýle-de taraplaryň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly meselä hem degip geçendigi, häzir Türkmenistan bilen Özbegistanyň pandemiýanyň döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmak üçin “netijeli işleri geçirýändigi” aýdylýar.

Mundan başga, telefon söhbetdeşliginiň barşynda Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň Maslahat beriş duşuşygyny geçirmek hakynda mesele gozgaldy.

TDH Berdimuhamedowyň bu duşuşygy 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirmegi teklip edendigini habar berýär.

Nobatdaky sammitiň senesi we gün tertibi sebitiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň üsti bilen ylalaşylar diýip, habarda bellenýär.

XS
SM
MD
LG