Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Angliýa Belarusdaky ilçisini yzyna çagyran ýurtlaryň hataryna goşuldy


Dominik Raab
Dominik Raab

Angliýa Minsk şäherindäki ilçisini yzyna çagyryp, awgust aýynda Belarusda geçirilen prezident saýlawlaryndan bäri dowam edýän kynçylyklar sebäpli diplomatlaryny yzyna çagyran ýewropa ýurtlarynyň hataryna goşuldy.

Daşary işler ministri Dominik Raab 9-njy oktýabr güni giçlik beýanat edip, bu çäräniň Polşanyň we Litwanyň diplomatlaryň Minskden çykarylmagyna garşylyk hökmünde görlendigini aýtdy.

Londonyň öz ilçisini yzyna çagyrmagy Bolgariýa, Çehiýa, Slowakiýa, Polşa we üç Baltika ýurdunyň gören çäreleriniň üstüni ýetirdi.

Ýewropa Bileleşigi saýlaw galplyklarynda we adam hukuklaryny bozmakda aýyplanan Belarus resmilerine garşy sanksiýalary girizeninden soň, Belarus bileleşige agza ýurtlaryň ilçilerini ýurtdan kowmaga başlady.

Saýlaw resmileri Aleksandr Lukaşenkany 9-njy awgustda geçirilen ses berişlikde ýeňiji diýip yglan edeninden soň, Belarusda köpçülikleýin protestler başlandy.

Oppozisiýa liderleri we Belarusyň käbir öňki saýlaw işgärleri bu ses berişligiň Lukaşenkanyň peýdasyna galplaşdyrylandygyny aýdýarlar we täze saýlawlaryň geçirilmegine çagyrýarlar.

XS
SM
MD
LG