Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan bilen ermeni güýçleriniň arasyndaky söweş habarlary Dagly-Garabagdaky ýaraşyk umytlaryny peseldýär


Genje. 11-nji oktýabr, 2020
Genje. 11-nji oktýabr, 2020

Azerbaýjan bilen ermeni güýçleriniň arasyndaky gowuşgynsyz ýaraşyk, 11-nji oktýabrda, güýje gireninden bir gün geçmänkä bozulmak howpunyň astyna düşdi.

Russiýanyň töwellaçylygynda baglaşylan ýaraşyk 10-njy oktýabrda, ýerli wagt bilen günortanlar güýje girdi. Emma şondan gysga wagt soň iki tarap hem beýleki tarapy hüjümleri dowam etdirmekde günäkärledi.

10-njy oktýabr agşamy we irden bolan partlamalar dawaly Dagly-Garabag sebitiniň iň uly şäheri bolan Stepanakert şäherine sarsgyn berdi.

Etniki ermeni separatistleriniň eýelän territoriýasyndaky de-fakto harby häkimiýetler Azerbaýjany Dagly-Garabagyň beýleki şäherlerini hem raketa okuna tutmakda aýyplady.

Ermenistanyň Daşary işler ministrligi 10-njy oktýabrda giçlik beýanat ýaýratdy we Azerbaýjany ýaraşygy bozmakda aýyplady.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Ermenistandan atylan raketalaryň öten agşam ýurduň ikinji uly şäheri bolan Genjä ýene-de zarba urandygyny aýtdy.

Genjede ölen we ýaralanan asuda adamlar baradaky ilkinji habarlaryň gelip gowşandygy aýdyldy.

Ermenistanyň Daşary işler ministrligi Azerbaýjanyň ilatly ýerlere ok atylandygy barada aýdanlaryny “ýalňyş maglumat” atlandyrdy we onuň azerbaýjan güýçleriniň “öz hereketlerini ýapmaga” gönükdirilen hereketdigini öňe sürdi.

Ýaraşygyň güýje girmegi bilen bir wagtda, aragatnaşyk liniýasynyň käbir bölümlerinde ermeni we azerbaýjan güýçlerini bölýän araçäk boýunda hem söweşleriň bolandygy habar berildi.

Iki hepde dowam eden agyr söweşler arasynda, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň araçylygynda 9-njy oktýabrda Moskwada geçirilen gepleşiklerden soň, iki tarap wagtlaýyn ynsanperwerlik ylalaşygyny kabul etdi.

XS
SM
MD
LG