Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýada bir günde 4634 adama wirus ýokuşdy, kesellänleriň umumy sany 114005


Ýüz maskalary içerdäki köpçülik ýerlerinde ýene-de hökmany boldy.
Ýüz maskalary içerdäki köpçülik ýerlerinde ýene-de hökmany boldy.

Çehiýanyň häkimiýetleri 10-njy oktýabrda koronawirus näsaglarynyň ýene 4635 sanysynyň ýüze çykarylandygyny habar berdiler we bu ýurtda jemi wirus ýokuşanlaryň sanyny 114,005 adama ýetirdi.

Bu ýurtda wirusdan ölenleriň sany häzir 948 adam boldy.

Resmiler 58148 näsagyň keseliniň aktiw diýip kesgitlenendigini, 2,085 hassanyň hassahana ýerleşdirilendigini aýtdylar.

Hökümet 30 günlük adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdi, ýapyk howuzlar, sport zallary we bedenterbiýe merkezleri ýapylmaly edildi, köp bolanda dört adamlyk stolly restoranlar we meýhanalar agşam sagat 8-de ýapylar.

12-nji oktýabrdan başlap, ýapyk sport desgalary we teatrlar we kinoteatrlar ýaly medeni ýerler azyndan iki hepde ýapylar; başlangyç mekdepleriň ýokary klas okuwçylary klasda we uzak aralyk okuwlarynda okamagy gezekleşdirerler.

Şeýle-de, sport ýaryşlary wagtynda tomaşaçylaryň bolmagy gadagan ediler, resmiler lukmançylyk ugrundan okaýan studentleri hassahanalarda kömek bermäge çagyrdylar diýip, Saglyk ministri Roman Prymula aýtdy.

Ýüz maskalary içerdäki köpçülik ýerlerinde ýene-de hökmany boldy.

Epidemiýanyň henizem giň ýaýran ýerlerinden gelýänler negatiw COVID-19 synagyny bermeli ýa-da gelenden soň karantin edilmeli. Slowakiýa we Germaniýa ýaly goňşy ýurtlar Çehiýadan gelýänlerden negatiw COVID-19 synagyny ýa-da karantinde bolmagy talap edip başlady.

Çäklendirmeleri gaýtadan girizýän ýurtlaryň arasynda Italiýa, Gollandiýa, Daniýa, Belgiýa, Kipr we Rumyniýa hem bar.

XS
SM
MD
LG