Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FH: Resmiler COVID-19-y bahanalap Internet azatlygyny çäklendirýärler


Hasabatda syn berilýän 65 ýurduň 26-synda Internet azatlygy pese gaçypdyr.
Hasabatda syn berilýän 65 ýurduň 26-synda Internet azatlygy pese gaçypdyr.

Internet azatlygy tapgyr 10-njy ýyl pese gaçyp, dünýädäki hökümetler koronawirus pandemiýasynyň arkasyna “duwlanyp” onlaýn gözegçiligi güýçlendirýärler, dissidentleri basyp ýatyrýarlar, jemgyýeti kontrol astynda saklamak üçin täze tehnologiýa ulgamlaryny ornaşdyrýarlar diýip, “Freedom House” (“Azat Öý”) guramasynyň 14-nji oktýabrda çap bolan täze hasabatynda bellenilýär.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramanyň Internet azatlygy boýunça çap edýän ýyllyk hasabatynda bellenilşi ýaly, dünýäniň onlarça ýurdundaky resmiler COVID-19-y “bahanalap ozal has ilgezek hasaplanan täze tehnologiýalary ornaşdyryp we gözegçiligi güýçlendirip başlapdyrlar”.

Munuň netijesinde, hasabatda syn berilýän 65 ýurduň 26-synda Internet azatlygy pese gaçyp, diňe 22 ýurtda bu ugurda ösüş boldy.

Hasabat döwründe, ýagny 2019-njy ýylyň iýuny we 2020-nji ýylyň maýy arasynda Internet azatlygy Mýanmarda, Gyrgyzystanda, Hindistanda, Ekwadorda we Nigeriýada has köp pese gaçypdyr. ABŞ-da Internet azatlygynyň tapgyr 4-nji ýyl peselýändigi hem bellenilýär.

XS
SM
MD
LG