Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan pandemiýa sebäpli Ukrainada galan 200 raýatyny yzyna gaýtardy


Türkmenistana getirilen raýatlar 2 hepde möhlet bilen hökmany karantin zonasynda saklanarlar.

Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli Ukrainada galan raýatlarynyň ýene bir tapgyryny yzyna gaýtardy diýip, Trend agentligi türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan turkmenportal neşirine salgylanyp habar berdi.

Maglumata görä, uçar bilen 200-e golaý Türkmenistanyň raýaty yzyna getirilipdir.

Bu adamlaryň 2 hepde möhlet bilen hökmany karantin zonasynda saklanjakdygy hem aýdylýar.

Bu barada resmi türkmen mediasynda habar berilmeýär.

Türkmen hökümeti pandemiýanyň ilki ýaýrap başlan döwri daşary ýurtlarda galan raýatlaryny bada-bat yzyna gaýtarmak, olary goldamak üçin ýeterlik çäre görmändigi, şeýle-de ýurtdaky COVID-19 ýagdaýlarynyň asyl gerimi barada maglumat bermeýändigi üçin tankytlanýar. Ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG