Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG Ýewropada COVID-19 ölümleriniň artmagy barada duýdurýar, hökümetler täze çäklendirmeleri girizýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Bütindünýä saglyk guramasy Ýewropada ýokarlanýan koronawirus ýokuşmalarynyň ölüm sanlarynyň artmagyna getirmeginiň mümkindigini duýdurdy. Kontinentiň hökümetleri has köp çäklendirme çärelerini girizmek üçin tagalla edýär.

14-nji oktýabrda çenli tutuş dünýäde 38 milliondan gowrak adama kesel ýokuşdy, 1,1 million töweregi adam öldi. Ýewropada gündelik täze hadysalaryň sany 100 müň töweregi adama ýetýär; Italiýa, Çehiýa, Şweýsariýa we Russiýa rekord ýokuşmalary hasaba alýar.

Hökümetler tomsuň ahyrlarynda ýokarlanmaga başlan ýokançlygyň derejesini gyssagly gowşatmaga howlugýar.

Fransiýada prezident Emmanuel Makron döwlet telewideniýesinde azyndan dört hepde möhlet bilen paýtagt Parižde hem-de ýene-de sekiz şäherde gijeki komendant sagadyny yglan etdi. 17-nji oktýabrdan başlap bu şäherleriň ýaşaýjylary agşam sagat 9:00-dan ertir sagat 6:00-a çenli öýlerinde galmaga mejbur bolarlar.

Ispaniýanyň demirgazyk-gündogar Kataloniýa sebitinde resmiler wirusyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin öňümizdäki 15 günüň dowamynda restoranlaryň we barlaryň ýapylýandygyny mälim etdiler. Ispaniýa Ýewropa Bileleşiginde ýokançlygyň derejesi iň ýokary bolan ýurtlaryň hataryndadyr. Ol ýerde şu wagta çenli 900 müň töweregi hadysa tassyk boldy, 33 müňden gowrak adam öldi.

Gollandiýa birmeňzeş çäreleri durmuşa geçirip, spirtli içgileriň söwdasyna çäklendirme girizdi hem-de jemgyýetçilik ýerlerinde maska geýilmegi babatynda täze talaplary girizdi.

XS
SM
MD
LG