Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň demirgazyk-günbatar taýpa sebitinde bolan hüjümlerde sekiz esger öldi


Pakistanyň owgan serhedine golaý Günorta Weziristan sebitinde pakistanly esgerler. Arhiw suraty.
Pakistanyň owgan serhedine golaý Günorta Weziristan sebitinde pakistanly esgerler. Arhiw suraty.

Pakistan resmileri ýurduň Owganystan bilen serhetleşýän demirgazyk-günbatar taýpa sebitinde bolan iki aýrybaşga hüjümde sekiz pakistan esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

14-nji oktýabrda Günorta Weziristan etrabynyň Şaktoý sebitinde ulaglary ýol ýakasynda iki bomba basan sekiz esger öldi diýip, etrap polisiýa işgäri Şawkat Ali we aňtaw çeşmeleri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ali birinji partlamada bir kapitanyň ölendigini aýtdy. Beýleki bir harby tehnika wakanyň bolan ýerine howluganda dörän ikinji partlama ýene bäş esgeri öldürdi.

“Pakistan Talybany” diýlip bilinýän “Tehrik-e-Talyban” hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Pakistan goşuny Bajaur taýpa etrabynda bir howpsuzlyk postuna edilen beýleki bir hüjümde bir esgeriň öldürilendigini, ýene bir esgeriň ýaralanandygyny aýtdy. Harbylaryň media ganaty “terrorçylaryň” frontyň owgan tarapyndan ot açandygyny aýdyp, twit ýazdy. Bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim bada-bat öz üstüne almady.

Bajaur hem-de Günorta Weziristan etraplarynyň ikisi-de Pakistanyň Haýber Pahtunkhwa welaýatynda ýerleşýär.

Pakistan öz operasiýalarynyň serhetýaka sebitlerini “Talybandan” hem-de beýleki jeňçi toparlardan arassalandygyny aýdýança, soňky ýyllara çenli bu sebitler jeňçileriň öýjügi boldy.

XS
SM
MD
LG