Azerbaýjanyň bölünip aýrylan sebitiniň paýtagty Dagly-Garabag 15-nji oktýabrda, Orsýetiň araçylygynda gelnen bäş günlük ýaraşykdan soň, gaýtadan topa tutuldy diýip, Ýerewan we sebitdäki ermeni separatistleri aýtdy.
Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Daglyk-Garabag sebiti üstünde barýan onlarça ýyllyk konflikt, Türkiýe we Orsýet ýaly ýaranlary hem çekmek bilen, has uly uruş-gowga ýazyp biler diýip alada edilýär.
Ermenistanyň Goranmak ministrligi Azerbaýjan güýçleriniň Azerbaýjan we etniki ermeni taraplaryny bölýän Aragatnaşyk liniýasynyň bölümlerini nyşana alýan “güýçli artilleriýa hüjümine” gaýtadan başlandygyny aýtdy.
Dagly-Garabagyň de-fakto ýolbaşçylygynyň gyssagly kömek gullugy Azerbaýjan güýçleriniň Stepanakertde "raýat nyşanalaryna" hüjüm edendigini aýtdy.
AFP habar gullugynyň žurnalisti dokuz partlamany eşidendigini we adatça 55,000 töweregi ilaty bolan şäheriň etegindäki ýaşaýyş jaýlarynyň ýokarsyna galýan goýy tüsseleriň görünýändigini aýtdy.
Ermenistan 15-nji oktýabrda Türkiýäni gyssagly kömek alyp barýan uçuşlaryň öz howa giňişligini peýdalanmagynyň öňüni baglamakda aýyplady.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew öz ýurdunyň goşunlarynyň eýýäm Dagly-Garabagyň bäş esasy sebitinden ikisine gözegçilik edýändigini we Ýerewan belli bir möhletde sebitden çykmaga razy bolmasa, olaryň hemmesini aljakdygyny aýtdy.