Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Putiniň 'şertsiz' ýaragsyzlanmak şertnamasy baradaky teklibini ret etdi


 Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Robert O'Brien
 Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Robert O'Brien

Birleşen Ştatlar Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýadro ýaraglaryny doňdurmazdan “Täze START” ýadro ýaragsyzlanmak şertnamasynyň möhletini uzaltmak baradaky teklibiniň “başlangyç däldigini” aýdýar.

Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Robert O'Brien 16-njy oktýabrda Twitterde Putiniň ikitaraplaýyn şertnamanyň möhletini bir ýyl uzaltmak baradaky teklibine jogap berdi.

O’Brien ABŞ-nyň, Orsýetiň we ABŞ-nyň şol döwürde ähli ýadro ýaraglaryny çäklendirmek şerti bilen, “Täze START” şertnamasynyň möhletini bir ýyl uzaltmak teklibiniň “iki tarap üçinem utuş boljakdygyny” aýtdy.

O’Brien şu aýyň başynda Ženewada rus kärdeşi bilen duşuşanda, öz ýurdunyň ruslaryň ABŞ-nyň teklibini kabul etmek isleýändigine ynanandygyny aýtdy.

Putin ikitaraplaýyn şertnamanyň möhletiniň soňlanmazlygy we gepleşikleriň dowam etdirilmegi üçin, hiç hili şert bolmazdan, onuň möhletini ýene bir ýyl uzaltmagy teklip etdi.

Şeýle-de Putin 16-njy oktýabrda, Orsýetiň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary bilen geçirilen duşuşykda Daşary işler ministri Sergeý Lawrowa ýurduň “Täze START” baradaky pozisiýasyny kesgitlemegi we gelnen netijäni ABŞ-a habar bermegi tabşyrdy. Rus prezidenti şertnamanyň möhleti gutarsa, munuň "gaty gynançly" boljakdygyny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG