Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp üç günde dört ştatda saýlaw kampaniýasyny geçirýär


Prezident Donald Tramp “bar güýjüni tijeýär” diýip, onuň sözçüsi 17-nji oktýabrda aýtdy.
Prezident Donald Tramp “bar güýjüni tijeýär” diýip, onuň sözçüsi 17-nji oktýabrda aýtdy.

ABŞ saýlawlarynyň öňündäki soňky iki ýarym hepde içinde, tapgyr üç günde dört ştatda kampaniýa ýygnanyşyklaryny geçirip, prezident Donald Tramp “bar güýjüni tijeýär” diýip, onuň sözçüsi 17-nji oktýabrda aýtdy.

Tramp 17-nji oktýabrda Miçiganda we Wiskonsinde geçirilen ýygnaklarda çykyş etdi we indiki kampaniýa çäresini 18-nji oktýabrda Newadada, 19-njy oktýabrda bolsa Arizonada geçirmegi planlaşdyrdy.

Bu dört ştatyň arasynda onuň 2016-njy ýylda gazanan ýeşine goldaw berenleriň käbiri, köp sanly pikir soramalaryň maglumatlaryna görä, indi onuň Demokratik bäsdeşi Jo Baýdene gol ýapýar.

Onuň beýle gyssagly ýagdaýda saýlawçylary bilen duşuşmak plany 3-nji noýabrda geçiriljek saýlawlarda has köp goldawçy ýygnamagy maksat edinýär.

Tramp Miçiganda medeni uruş temalaryna we Demokratlar tarapyndan dolandyrylýan Ak tamyň getirjek zatlaryndan gorkmak meselesine ünsi çekdi. Ol demokratlaryň "Amerikan taryhyny ýok etmek, amerikan gymmatlyklaryny süpürip aýyrmak we amerikan durmuş ýörelgesini ýok etmek" isleýändigini aýtdy.

Tramp koronawirus keseliniň köpeläýn Ştaty bolan Wiskonsine baranda, ýygnanan adamlaryň köpüsi sosial aralyk düzgünini saklamady, maska geýmedi.

Baýden 17-nji oktýabrda kampaniýanyň yzyndan dynç aldy, ýöne 18-nji oktýabrda Demirgazyk Karolinada bir çäre geçirmegi planlaşdyrdy.

XS
SM
MD
LG