Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan polisiýasyny nyşana alan awtoulag partlamasy azyndan 12 adamy öldürdi


Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Tarik Arian
Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Tarik Arian


Içeri işler ministrliginiň beren habaryna görä, merkezi Owganystandaky polisiýa merkeziniň daşynda bolan ulag partlamasy azyndan 12 adamyň ölmegine, gigrimiden gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Tarik Arian 18-nji oktýabrda, ýerli wagt bilen sagat 11:00-da Gor welaýatynyň paýtagty Firoz Kohda ýerleşýän polisiýa merkeziniň daşynda partlaýjy madda goýlan ulagyň ýarylandygyny aýtdy.

Arian bu wakany "terrorçylykly hüjüm" diýip häsiýetlendirdi, ýöne has anyk maglumat bermekden saklandy.

Gor polisiýasynyň metbugat sekretary Abdul Maaref Rameş partlamanyň asuda ilat arasynda hem agyr ýitgilere sebäp bolandygyny aýtdy.

Ozallar şuňa meňzeş wakalar “Talybandan” görlerdi, emma hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Owganystanyň merkezi daglyk ýerlerinde ýerleşýän daglyk we uzak welaýat bolan Gor ýurduň iň garyp we durnuksyz sebitlerinden biri bolup, welaýat häkimliginiň güýji Firoz Kohdan daşa ýetmeýär.

Bomba partlamasy “Talyban” bilen Owganystanyň hökümetiniň arasynda gepleşik geçirilýän wagtynda boldy. Kataryň paýtagty Doha şäherinde gçirilýän gepleşikler ýurtda 19 ýyllyk urşuň bes edilmegi barada ylalaşyk gazanmagy maksat edinýär.

"Talyban" 12-nji sentýabrda başlanan parahatçylyk gepleşiklerine garamazdan, tutuş ýurt boýunça atyşygy bes etmekden boýun gaçyrdy.

BMG-niň Owganystandaky kömek missiýasy 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda, esasan owgan hökümet güýçleri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasyndaky söweş netijesinde, 1280-den gowrak owgan raýatynyň ölendigini dokumentleşdirdi.

XS
SM
MD
LG