Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ wekili Owganystanda zorlugyň “gaty ýokary” derejesiniň parahatçylyk prosesine zyýan ýetirip biljekdigini duýdurdy


Merkezi Owganystanyň Gor welaýatynda bolan awtoulag partlamasy
Merkezi Owganystanyň Gor welaýatynda bolan awtoulag partlamasy

18-nji oktýabrda ABŞ wekili Zalmaý Halilzad merkezi Owganystanyň Gor welaýatynda bolan awtoulag partlamasy 14 adamy öldürenden soň, dowam edýän gaty ýokary derejeli zorlugyň parahatçylyk prosesine howp salyp biljekdigini duýdurdy.

Halilzad zorlugyň owganlary uzak wagtlap “yzarlaýandygyny” hem-de muňa Gorda bolan “betbagtçylygyň”, polisiýa merkeziniň daşynda bomba goýlan ulagyň ýarylmagynyň iň soňky mysal bolandygyny birnäçe twit arkaly aýtdy.

Ol gepleşik stolunda eglişik gazanmak üçin zorlugyň güýçlenmelidigi baradaky ynanjyň “örän töwekgelçiliklidigini” Twitterde duýdurdy. Şeýle çemeleşme “owgan liderleriniň geçmişdäki ýalňyşlaryny gaýtalaýar” diýip, ol aýtdy.

Halilzad 19 ýyllyk urşy bes etmek üçin Katarda geçirilýän gepleşikleriň öň ýany gol çekilen ylalaşygyň ähli maddalalarynyň “berk berjaý edilmegine” çagyrdy. Şeýle-de, Halilzad zorlugy düýpli azaltmagyň zerurdygynyň ýaňy-ýakynda tassyklanylmagyna garamazdan, onuň “gaty ýokarydygyny” aýtdy.

Gor welaýatynyň paýtagty Firoz Kohyň merkezinde ýarylan ulag bombasy azyndan 14 adamy öldüridi we 119 adamy ýaralady.

Gor welaýat häkimliginiň beren beýanaty partlamanyň arkasynda “Talybanyň” bardygyny aýtdy. “Talybanyň” metbugat wekili hüjümiň arkasynda öz jeňçi guramalarynyň bardygyny bada-bat tassyklap bilmedi.

XS
SM
MD
LG