Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeh sport janköýerleri koronawirusa garşy girizilen täze çäreler sebäpli Praga polisiýasy bilen çaknyşdy


Çehiýaly sport muşdaklary täze çäklendirme çärelerine protest bildirip, polisiýa bilen çaknyşdy. 18-nji oktýabr, Praga.
Çehiýaly sport muşdaklary täze çäklendirme çärelerine protest bildirip, polisiýa bilen çaknyşdy. 18-nji oktýabr, Praga.

Çeh sport janköýerleri koronawirusa garşy täze çäreleri protest etmek üçin geçirilen ýörişiň yz ýany Pragada polisiýa bilen çaknyşdy.

19-njy oktýabrdan başlap ähli sport çäreleriniň iki hepdelik gadagan edilmegine garşy ýöriş geçirmek üçin 2 müňden gowrak hokkeý we futbol muşdagy ýygnandy. Bu gadagançylyk halkara ýaryşlaryny öz içine almaýar.

Demonstrantlar polisiýa işgärlerine çüýşeleri we beýleki zatlary zyňdylar. Soňra polisiýa demonstrantlary tüsse bombalary, feýrwerk we suw topy bilen merkezi meýdançadan dargatdy. Birnäçe adam, şol sanda polisiýa işgärleri ýaralandy.

Bir sagat töweregi dowam eden giň gerimli demonstrasiýa 500-den köp adamly ýygnanyşyklara girizilen wirusa garşy döwlet gadagançylygyny bozdy diýip, polisiýa aýtdy.

Beýleki ýewropa ýurtlarynda bolşy ýaly, Çehiýa Respublikasynda koronawirus hadysalarynyň gündelik sany köpeldi we bu, hökümeti, wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, täze çäreleri girizmäge iterdi.

XS
SM
MD
LG