Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýanyň ultimatomy soňa golaýlaýan mahaly, ýörişlere gatnaşyjylar Lukaşenkanyň işden çekilmegi üçin basyşa dowam edýärler


Minskde Lukaşenka garşy geçirilen protest ýörişi. 18-nji oktýabr, 2020. Minsk.
Minskde Lukaşenka garşy geçirilen protest ýörişi. 18-nji oktýabr, 2020. Minsk.

Içeri işler ministrliginiň ganly güýç ulanmak haýbatyna garamazdan, Minskde we Belarusyň beýleki şäherlerinde onlarça müň adam ýöriş geçirdi. Protestçiler awtoritar dolandyryjy Alýaksandr Lukaşenkanyň işden çekilmegini talap etmäge dowam edýär.

Minskde häkimiýetler harby ýük ulaglaryny we suw toplaryny köçä çykardylar, ýöne polisiýa 18-nji oktýabr ýörişini dargatmak üçin olary ulanmakdan köplenç saklandy.

Ýörişden ozal, Belarusyň içeri işler ministriniň birinji orunbasary Gennadi Kazakewiç demonstrasiýalary dargatmak üçin protestçilere garşy “zerur bolsa, öldüriji ýarag” ulanmak haýbatyny atdy. Häkimiýetler ýörişleri bikanun atlandyrýarlar.

Onuň beýanaty bilen, belarus häkimiýetleri ilkinji gezek demonstrantlara garşy aç-açan ýarag ulanmak haýbatyny atýar. Kazakewiç atan haýbatyny amal etmedi.

9-njy awgust saýlawlarynyň ýeňijisi 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan Lukaşenka yglan edileli bäri Belarus giň ýaýran saýlaw galplygy baradaky aýyplamalaryň arasynda protestler bilen çaýkanýar.

Oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa we onuň goldawçylary işden çekilmek üçin Lukaşenka 25-nji oktýabra çenli wagt berdi, ýogsa-da onuň ýurt boýunça iş taşlaýyş bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG